Şu ýylyň iýul aýynyň 10 — 18-i aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň guramagynda 54-nji halkara himiýa olimpiadasy onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa dünýäniň 83 döwletinden iň zehinli okuwçylaryň 326-sy gatnaşdy. Himiýa dersinden geçirilýän bu olimpiada mekdep okuwçylarynyň halkara bilim bäsleşikleriniň iň görnüklileriniň biridir. Bu ýyl olimpiada diňe nazary bilimler boýunça bir tapgyrda guraldy.
“Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde bellenilip geçilişi ýaly, olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar gatnaşdy. Topara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow ýolbaşçylyk etdi. Olimpiadada türkmenistanly mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş edip, medallara mynasyp bolmagy başardylar.
Olimpiadanyň netijesi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Dawut Muhammetgulyýew altyn medala mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatdan 11-nji synp okuwçysy Nyýazmuhammet Begençmuhammedow, 10-njy synp okuwçysy Ýakup Annaorazow kümüş medala, şu mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begzada Annaýew bolsa bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar.
Halkara çärä ýurdumyzdan dört okuwçydan ybarat toparyň gatnaşyp, olaryň ählisiniň ýokary derejede çykyş etmegi ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaşlara döwrebap bilim bermekde edilýän köpugurly tagallalaryň miwesidir.
Halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşan zehinli okuwçylarymyz ýaşlaryň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Olar geljekki bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belentde parlatmagy maksat edinýärler.
Diplom ykrar etmek üçin resminamalar täze salgyda kabul edilýär