BILIM

Türkmen ýaşlary üçin hoş habar: Türkiýe talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi

Paýtagtymyz Aşgabatda saparda bolýan Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetler müdirliginiň (YTB) müdiriniň orunbasary Saýit Ýusuf bilen söhbetdeşlik geçirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap beren Saýit Ýusuf doganlyk Türkmenistanda bolmakdan örän hoşaldygyny belläp, bir aý mundan ozal hem Aşgabada gelip, birnäçe ministrliklerde gepleşikler geçirendigini belledi.

Türk myhmany Türkmenistan gelmeginiň esasy maksadynyň Türkiýäniň talyp haky maksatnamasyny tanyşdyrmakdan belläp, bilimli türkmen ýaşlarynyň talyp haky bilen Türkiýede bilim almagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Saýit Ýusuf ilki bilen özüniň wekilçilik edýän edarasy barada gürrüň edip, häzirki wagtda bu edaranyň guramaçylygynda 1992-nji ýylda ýola goýlan talyp taslamasynyň 2010-njy ýylda Türkiýäniň talyp haky taslamasy bilen Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetler müdirligi tarapyndan alnyp barylýandygyny belledi.

Saýit Ýusufyň beren maglumatyna görä, Türkiýäniň talyp haky taslamasy esasynda dünýäniň 170-den gowrak ýurdundan 16 müňden gowrak talyp Türkiýede ýokary bilim alýar. Türkmenistandan hem bu taslama boýunça 5 müňden gowrak ýaşlaryň bilim alyp, olaryň aglabasy Türkmenistanda dürli ugurlarda iş alyp barýarlar.

Häzirki wagtda bolsa, 100 töweregi türkmen ýaşlary talyp haky bilen Türkiýede bilim alýar. Şeýle hem öz hasabyna 15 müňe golaý türkmen ýaşlary Türkiýede bilim alýandygy bellenilip geçildi.

TALYP HAKY TASLAMASYNYŇ AÝRATYNLYKLARY:

Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetler müdirliginiň (YTB) müdiriniň orunbasary Saýit Ýusufyň belläp geçişi ýaly, bu taslama bilim almak isleýän we talyp haky almaga hukuk gazanan ýaşlara köp sanly mümkinçilikler berýär.

Olar:

  • Uçar biletleri berilýär.
  • 1 ýyl türk dili taýýarlyk okuw tölegi üpjün edilýär.
  • Uniwersitetlere ýer;eşdirilýär.
  • Uniwersitetleriň tölegleri tölenýär.
  • Saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen kesellän halatynda talyplara mugt lukmançylyk hyzmaty berilýär.
  • Umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýaşamaga mümkinçilik döredilýär.
  • Belli bir möçberde pul serişdeleri berilýär.

Bu talyp haky taslamasyndan peýdalanmaga hukuk gazanan türkmen ýaşlarynyň ene-atalary okuw üçin hiç hili çykdajy etmeýärler we çagalary Tükriýäniň abraýly bilim ojaklarynda bilim almaga mümkinçilik alarlar.

TALYP HAKY ÜÇIN SÖHBETDEŞLIKLER GEÇIRILÝÄR

Şu günler Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetler müdirliginiň wekilleri Türkiýedäki talyp haky maksatnamasyna ýüz tutan 500-e golaý türkmen ýaşlary bilen söhbetdeşlikler geçirýär.

Türkiýedäki talyp haky maksatnamasy üçin belli bir çäklendirme göz öňünde tutulmandyr. Üstümizdäki ýylda 60 sany türkmen ýaşlaryna talyp haky bermek göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetler müdirliginiň müdiriniň orunbasary Saýit Ýusuf Talyp haky maksatnamasyndan peýdalanjak türkmen ýaşlarynyň sanyny geljekde 150-ä çykarmagy meýilleşdirýändiklerini belledi.

Türkiýedäki talyp haky maksatnamasyny Türkmenistanda tanyşdyrmagy hem maksat edinýändiklerini belläp, munuň üçin güýz paslynda birnäçe çäreleri gurnamagy meýilleşdirýändiklerini belledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler