BILIM

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp ABŞ-da emeli aňy (AI) öwrenmek, işläp taýýarlamak we ylmy taýdan ulanmak boýunça işleri işjeňleşdirmek hakynda karara gol çekdi diýip, amerikan neşirleri habar berýär.

Emeli aň (AI) boýunça amerikan işläp taýýarlamalaryny goldamaga gönükdirilen täze “Genesis missiýasy” kararynda hasaplaýyş mümkinçiliklerini giňeltmek, giň federal maglumat bazalaryna elýeterliligi artdyrmak hem-de aýratynlykda ylmy ugurlarda emeli aňy netijeli amaly programmalara geçirmegi çaltlaşdyrmak boýunça birnäçe çäreler meýilleşdirilýär.

— “Genesis” missiýasy ylmy açyşlary ep-esli çaltlaşdyrar, milli howpsuzlygy berkidýär, energiýa babatda üstünligi üpjün eder, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrar we salgyt töleýjileriň gözleg we işlerdäki maýa goýumlarynyň getirijiligini birnäçe esse artdyrar — diýlip, kararda aýdylýar.

Hakyky dünýäni dogry beýan etmegi öwrenmek üçin, emeli aň ulgamyna ägirt uly maglumat toplumlary gerek. Prezident tarapyndan gol çekilen bu görkezme maglumat alyşmagyndaky päsgelçilikleri aradan aýyrmaga gönükdirilýär.

Kararda bellenilişine görä, hasaplaýyş mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we maglumatlara elýeterliligiň ýokarlanmagy arkaly emeli aň 270 günüň dowamynda möhüm we amaly ylmy meseleleri çözmekde ulanylmalydyr.

Şol ugurlara öňdebaryjy önümçilik we robototehnika, biotehnologiýalar, ýadro bölünişi we birleşmesi degişli.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy