BILIM

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Türkmenistanyň ýaşlaryny Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine bilim almaga ibermek göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi boýunça hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim almagy üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek babatda taýýarlanan teklibi makullady.

 

Mahabat:

Daşary ýurtda bilim almak isleýänler üçin resminamalar toplumynyň terjimesi boýunça “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy