BILIM

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

«Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahat – 2025» halkara çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Beijing International Studies University (BISU) (Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersiteti) ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymy gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Beijing International Studies University arasynda 2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda baglaşylan Ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esaslanýandygy bellenip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine, şol sanda akademiki alyş-çalyş, hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary, dil maksatnamalaryny ösdürmek, bilelikdäki ylmy we medeni çäreleri geçirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmen tarapy ylalaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň düzgünlerine esaslanyp, hytaý dili mugallymlaryny taýýarlamak işinde tejribe alyşmagyň, talyplaryň dil endiklerini ýokarlandyrmagyň, emeli aňyň binýadyndaky sanly okuw platformalaryna we gorlaryna birikmegiň, şeýle hem gysga möhletleýin kämilleşdiriş we tomusky okuwlary guramagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge, hytaý dilini öwrenmek ulgamynda täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy