DÜNÝÄ

Türkmen-türk parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde türkmen-türk parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Duşuşyk Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejelere çykarylmagyna gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklaryň ähmiýetini aýratyn nygtap, Parlamentara hyzmatdaşlygyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda birek-birek bilen tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de özara saparlary işjeňleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.

Türkiýe-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda guralýan Parlamentara dostluk toparlarynyň saparlarynyň netijeliligini bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna saparynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň Parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak barada pikir alşyldy,  şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy