SPORT

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

12-nji iýulda badalga alan Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» rallisine gatnaşýan Türkmenistanyň toparlary ynamly öňde barýarlar. 4 tapgyrynyň netijesinden soňra T2 kategoriýasynda bäsleşýän Türkmenistanyň türgenleri öňdeligi eýeleýärler.

4811,58 kilometrlik menzile uzap gidýän halkara ýaryşynda Türkmenistandan gatnaşýan türgenler ynamly çykyş edýärler. 4 tapgyrdan soňra T2 kategoriýasynda Maksatmyrat Daňatarow öňde barýar. Ol ikinji orundaky Merdan Toýlyýewden 0.5 sagat, üçünji orundaky Meýlis Abdullaýewden bolsa, 1.5 sagat öňe saýlandy.

Bu kategoriýada 4 tapgyrdan bäri türkmen türgenleriniň arasynda çekeşelikli bäsleşik dowam edýär.

Bu halkara ýaryşa jemi 15 döwletden 101 ekipaž gatnaşyp, olar T1, T2 , T3, T5, moto-kwadrasikelleriň toparlaryndan ybaratdyr.

Halkara ralli ýaryşynyň ilkinji tapgyryna 12-nji iýulda badalga berildi. Bu ýaryş 15-nji gezek geçirilip, ilkinji gezek ol 2009-njy ýylda geçirilipdi. Şonda halkara ýaryş Russiýa we Merkezi Aziýa döwletlerinden geçipdi.

Ralli ýaryşy 22-nji iýulda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-reýdi ýaryşyna gatnaşýar