JEMGYÝET

Türkmen topragy-dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçiler.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň işine sanly ulgam arkaly Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de “tazyguýruk”, “it ýatak”, “güjük yzy” ýaly gadymy göllere bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Sergide küýzegärçilik sungatynyň nusgalary, kilimler, haly we haly önümleri, zergärçilik şaý-sepleri görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna sergide aýratyn orun berildi.

Ýörite meýdançalarda türkmen alabaý itleriniň iň gowularyny görmek bolýar. Alabaýlaryň görkezme çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy.

27-nji ýanwarda maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Geçmişden janly ýadygär — merdana türkmen alabaýlary”, “Haly we amaly-haşam sungatynda türkmen alabaýynyň çeper waspy” atly bölümlerde öz işini dowam edýär.

 

27-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär