BIZNES

Türkmen-tatar işewürlik forumy: täze ylalaşyga gol çekildi

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Tatarystanyň dürli ykdysady ugurlarda ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet Aşgabada geldi. Türkmen tarapyndan işewürlik maslahatyna birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenko çykyşynda saglygy goraýyş ulgamynda tehnikalary öndürmek boýunça dünýäde iri kompaniýalaryň biriniň — “Eýdos-Medisina” kompaniýasynyň ABŞ-da, Ýaponiýada we Tatarystanda işleýändigini belledi. Kompaniýa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyk edýär we degişli tehnikalary iberýär. Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi bilen degişli ylalaşyga gol çekildi.

Şunuň bilen birlikde, forumda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň, şol sanda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Awtomobil, awiasiýa we gämigurluşyk, energetika, himiýa önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini ibermek, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda hem-de beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy we mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary bellenildi.

Hususan-da, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler söwda toplumy bilen “Naturalnoýe zdorowýe” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi