BILIM

Türkmen talyby GDA-nyň “Iň gowy talyby” diýlip yglan edildi

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň ykdysadyýet we hukuk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sanjar Hazratkulow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.

Gazagystan Respublikasynyň “Bilim Orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşigiň eminler topary Sanjar Hazratkulowyň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna öran ýokary baha berdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplaryň ähli üstünlikleri hem “GDA-nyň iň gowy talyby” diýen halkara kitap ýygyndysyna giriziljekdigini bellemek gerek.

Bu halkara bäsleşiginde gazanylan ýeňiş bilen Sanjar Hazratkulow GDA-nyň iň gowy talyplarynyň hataryna goşuldy.

Bu üstünlik ýurdumyzyň ýaşlarynyň giň dünýägaraýşa, ýokary bilim derejesine, döredijilik ukybyna we halkara ölçeglere laýyk taýýarlyga eýedigini görkezýär. Bu buýsançly üstünlik bilen talybymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, oňa geljekde hem täze belent sepgitleri eýelemegi, Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde mundan beýläk-de belende götermegini arzuw edýäris.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy