MEDENIÝET

Türkmen sungat ussatlary Ankarada konsert berdi

Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde TÜRKSOÝ halkara guramasy, Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen sungat ussatlarynyň konsertini gurnady.

TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň “Änew türki dünýäsiniň medeni paýtagty” hem-de “Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäginde geçirilen konsert maksatnamasy Ankara şäheriniň ýaşaýjylarynda uly täsir galdyrdy.

Ankaranyň ýaşaýjylarynyň uly gyzyklanma döreden konsertinde Türkmenistanyň meşhur sungat ussatlary çykyş etdiler. Akmuhammet Hanow, Gülşat Gurdowa, Döwletmyrat Hanmämmedow, Meýlis Goýmyradow, Maýa Orazberdiýewa dagylar ýerine ýetiren aýdymlary bilen aýdym muşdaklarynyň söýgüsini gazandy.

Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” tans topary hem öz çykyşlary bilen konsert dabarasyna ajaýyp öwüşgin çaýdy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri