DÜNÝÄ

Türkmen-rumyn parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin gelen Rumyniýanyň parlamentiniň wekili Florin Aleksandr bilen türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowanyň we deputatlaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda  köp taraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy syýasy, ykdysady, ylym bilim,  medeni ynsanperwer, nebit-gaz, energetika, ulag aragatnaşyk, söwda we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de geljekde bu ugurlardaky gatnaşyklary berkitmek barada pikir alyşmalar boldy. Dünýä we sebit derejesinde, parahatçylyk, ösüş, hyzmatdaşlyk meselesi boýunça Türkmenistanyň edýän anyk tekliplerine ýokary baha berildi.

Rumyniýanyň parlamentiniň wekili duşuşygyň dowamynda Türkmenistan  bilen Rumyniýanyň parlamentiniň arasynda parlamentara gatnaşyklary berkitmäge we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňligini, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi