SIZDEN GELENLER

Türkmen-özbek dostlugy barha berkeýär

Hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygyna geçen gününden alyp barýan daşary syýasaty goňşy we dünýädäki ähli döwletler, halklar bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly bolup durýar. Bu babatda Özbegistan Respublikasy bilen dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Muňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň tomsunda Özbegistana amala aşyran ýokary derejedäki sapary, şol wagtda Özbegistanyň Prezidentiniň şu günler ýurdumyzda saparda bolmagy hem aýdyň subutnamadyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki giň gerimli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de döwrüň synagyndan geçendir. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda hem umumylyklar köpdür. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça has geljegi uly ugurlary ösdürmek boýunça utgaşykly gatnaşyk edýärler.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki şu günki duşuşyk diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitiniň giňişliginde işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, möhüm waka öwrüldi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki giň gerimli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlarydyr teklipleri goldamak bilen, köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurtlarymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, suw, ulag we energetika diplomatiýasy, durnukly ösüş ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlary ýakyndyr. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylmagy meýilleşdirilen bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.

Iki doganlyk goňşy döwleti asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy gatnaşyklar, türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy baglanyşdyrýar. Yzygiderli geçirilýän giň gerimli medeni çäreler iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň noýabr aýynda Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmek we onuň çäklerinde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, iki ýurduň halklarynyň amaly-haşam sungatynyň sergisini, sahna oýunlarynyň we kinofilmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.

Azat Gahrymanow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri