BILIM

Türkmen milli dünýä dilleri instituty ylym-bilim hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalara gol çekişdi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde ylym we bilim ulgamynda Türkmenistan bilen birnäçe daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Birleşen Patyşalygyň Norwiç dil bilimi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň Filosofiýa III – pedagogika ylmy fakultetiň arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk ýokary okuw mekdebimiziň daşary ýurtlaryň abraýly hünär bilimi edaralary bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň nobatdaky möhüm tapgyrydyr.

Gol çekilen bu Ähtnama we Ylalaşyk toplanan oňyn tejribäni alyşmagy, bilim maksatnamalaryny giňeltmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary döretmegi, Taraplaryň ylym ulgamyna sazlaşykly goşulmagyny işjeňleşdirmegi we onuň innowasion gazananlaryny bilim ulgamynda ulanmagy, ýokary bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda göni we özara bähbitli hyzmatdaşlygy, degişli kitaphanalaryň içki tertibine laýyklykda kitaphana serişdeleriniň erkin elýeterliligini ýola goýmagy, bilim, ylym we usulyýet işleriniň netijeliligini artdyrmagy, ýokary okuw mekdepleriniň

professor-mugallymlarynyň taýýarlygy we gaýtadan taýýarlygy ulgamynda akademiki gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy berkitmegi we ösdürmegi, medeni, bilim we tehnologik alyş-çalyşa, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bilelikdäki ylmy-barlag we bilim işlerine ýardam bermegi, mugallymlaryň, ylmy-barlag işlerini alyp baryjylaryň we talyplaryň, maglumatlaryň we degişli ylmy neşirleriň alyş-çalyşyny, umumy okuwlary, ylmy maslahatlary, seminarlary, simpoziumlary we beýleki akademiki çäreleri guramagy, şeýle hem ýurtlaryň arasynda bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

Şunuň bilen birlikde, bu resminamalar diňe bir iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine däl, eýsem, halkara ylmy gatnaşyklarynyň hem ösmegine, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň we talyplaryň täze tejribeleri ele almagyna giň ýol açýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Birleşen Patyşalygyň Norwiç dil bilimi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň Filosofiýa III – pedagogika ylmy fakultetiň arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi ylym, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolup, ýokary okuw mekdebimiziň strategik wezipeleri durmuşa geçirmäge, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen giň gerimli işleriniň täze tapgyryny alamatlandyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişdiler

Aşgabatda italýan dil hepdeligi geçiriler

Himiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen mekdep okuwçylary mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşdylar

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň halkara forumyna gatnaşdylar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär