BILIM

Türkmen mekdep okuwçylary mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşdylar

4-6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde Ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň okuwçylarynyň sekizisi gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Bu barada “Kämil bilim” okuw merkezinde habar berdiler.

Halkara ýaryşyň şertlerine laýyklykda, okuwçylar matematikanyň 23 temasyny öz içine alýan 30-a golaý sahypadan ybarat bolan soraglara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem olara goşmaça 5 tema boýunça ýumuşlar tabşyryldy.

Çempionata Fransiýa, Çehiýa, Ýaponiýa, Hindistan, Meksika, Müsür, BAE, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletleriň ýigrimisinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşdy. Biziň okuwçylarymyz “12 ýaşa çenli” hem-de “12-15 ýaş” toparlary boýunça gatnaşyp, ilkinji onluga girmegi başardylar.

Netijede,

Mekan Nurgeldiýew, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi, 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda toparda 2000-den ýokary bal gazanyp, 4-nji orna mynasyp boldy.

Liwanur Berdiýewa, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi, 12-15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 2000-den ýokary bal gazanyp, 6-njy orna mynasyp bolmagy başardy.

Şeýle hem Patma Gündogdyýewa, Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi, çempionatyň “Iň ýaş gatnaşyjy” Kubogyna mynasyp boldy.

“Bu halkara ýaryşa gatnaşmak okuwçylarymyz üçin tejribe toplamaga, täze dost tutunmaga uly mümkinçilik berdi. Çünki toparymyzyň agzalarynyň köpüsi şeýle giň gerimli bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýar. Bu ýaryşda 2000-den köp bal gazanmak, ýokary netije hasaplanýar. Bu günki gazanylan netije geljekki üstünliklere tarap möhüm ädim boldy” – diýip, “Kämil bilim” okuw merkezleriniň direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Durdymämmedow gürrüň berdi.

Germaniýanyň Bielefeld şäherinde okuwçylarymyzyň üstünlikli çykyş etmegi ýurdumyzyň Bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy