SIZDEN GELENLER

Türkmen keşdeçiligi bilen baglanyşykly dessurlar

Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler. Mysal üçin: anna güni (penşenbe güni), anna agşamsy diýip hiç bir işiň başyny başlamaýarlar. Şolar ýaly dessurlary biziň milli geýimlerimiz taýýarlanylanda hem  duş gelmek bolýar. Bir zady unutmaly däl, türkmen halky islendik  kada-kanunyny, däp-dessuryny uzyn taryhyň dowamynda oýlap-ölçerip, pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap-taraşlap kämil döretdi, özem zerur bolandan soň döretdi.

Türkmeniň milli egin-eşikleri biziň milletimiziň daşky görnüşi däl, ol köp babatda tebigat bilen hem baglydyr . Türkmenleriň dabaralara-baýramlara geýýän reňkli matalary hoşboý ysly bolýar.Ýylyň galan pursaty maýsasy asmana aýlanan sähra sary gussa, sary tukatlyk bolup ýatyr. Şol sebäpli  türkmen gelin-gyzlary ýazda ýiti açyk ýaşyl, gyzyl, al, melewşe, gök reňklerinden bolan eşikleri geýýärler. Şeýdibem, türkmen gelin-gyzlary türkmeniň gysgajyk ýazyny ýyl boýy dowam etdirýär.Türkmen ýigitleriniň geýýän toý geýimleri hem ýazyň reňkinde. Söweş güni türkmen ýigitleri mele çäkmenli, mele silkmeli. Türkmen kazylyk atlary hem mele bolýar. Ol reňkdäki geýim-gejimler bolsa, tebigatyň reňki bilen dessine garyşyp gidýär. Jahankeşdeleriň türkmen ýigitleriniň söweş usuly barada : “Olar hamana ýerden çykan ýaly birden peýda bolýarlar, gerek wagty hem ýere giren ýaly zym-zyýat bolýarlar” diýip ýazmasynyň syry nämede jemlenýär.

Türkmen halky özi üçin öndürýän keteni, begres, daraýy, gyrmyzy donluk, çäkmenlik matalary dokamagy şeýle bir kämil derejä ýetiripdir , hat-da XX asyryň ösen dokma senagaty hem olaryň milli eşikleri çalyşdyrar ýaly kämil matany öndürip bilmedi. Türkmen milli egin-eşikleriniň öz toplumy boýunça Orta Aziýanyň beýleki halklarynyň arasynda adaty egin-eşiklere ýakynlygy bardyr. XIX asyryň aýaklary XX asyryň başlary türkmen halkynyň egin-eşiklerinde umumy milli däpleriniň asyl nusgasyndaky “köneçillik” berkligini  saklap gelen döwri hasaplanýar. Şol döwre degişli zenan egin-eşikleri özüniň umumy sypaty, millilik häsiýetleri boýunça birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda özboluşly amallary çeperçilik taýdan has-da baýlaşyp, goňşy halklaryňkydan düýpgöter tapawutlanypdyr.

  1. El bejergisiniň we tikiniň görnüşleri.

         Türkmen milli egin-eşikleriniň aýratynlyklary olaryň bejergilerinde we salynýan nagyşlarynda görmek bolýar. Geçmişde XX asyryň dowamynda çeper bejergisi sungat hökmünde özüniň belent sepgidine ýetýär. Türkmen gyzlary haçanda 7-10 ýaşa ýetenden soň bejergiň usullaryny we tilsimlerini ele alýar. El bejergileri – zenanlarda, erkekleriň we çagalaryň eşiklerinde, köýneklerinde, baş gabynda (tahýa, börük), baş atgyçlarynda (çyrpy, kürte, bürenjek), egne geýilýän donlar, aýallaryň aýak geýimlerinde bejergiler edilýär. Türkmen bejergileriniň reňk öwüşginleri birsydyrgyn ýönekeýdir. Nagyşlarda adatça sapaklaryň 4-5 görnüşi ulanylyp,  gyzylyň iki görnüşi (açyk we ýapyk), sary, ak, goňur (gara). Şu reňkler el-işleriniň milli äheňiniň özboluşlylygyny görkezýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň el bejergileri köp dürlidir: basma, gaýma, keşde, köjime, çigme, ilme, orama, garalama, pugtama, Tikin usullary- kok atma, ýörmeme, ewşirme.  Ýüpekden işilip örülen dürli reňkli (gara bilen gyzyl) “aldymgaç” jähekleri aýal we erkek adamlaryň eşiginiň gyralaryna tutupdyrlar. Rus fabriklerinden satyn alnan setin, lastik, kolenkor ýaly nah matalar we eýran çitleri, begres we ýüpek matalar eşik tikmek üçin ulanylypdyr. Adatça türkmen zenanlary ähli egin-eşikleri elde tikipdirler. El-işleri bilen baglanyşykly hem birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetiripdirler.

  1. 2. Sähetli günler bilen baglanyşykly däp-dessurlar.

Türkmen milli egin-eşikleri gadymy taryhy köklere eýe bolup, başga Orta Aziýa halklaryň eşik toplumyna ýakynlygy bar.  Türkmen milli eşikleri öz mata hiline bejergi taslamalary bilen başga Merkezi Aziýanyň halklaryna meňzemeýän özboluşly häsiýete eýedir. Gyzlaryň köýnekleriniň ýakalary dik açylýan bolup, erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalary “çäk ýakaly”, “ez ýakaly”, “goşa ýakaly” bolýar. Türkmenlerde milli egin-eşikler esasan ýaş aýratynlyklaryna görä geýilipdir. Olar hem lybaslara salynýan nagyşlara we reňklerine görä biri-birinden tapawutlanypdyrlar.

Türkmen toýlaryny Milli ketenisiz, gyzyl kürtesiz, al-ýaşyl çyrpysyz, gyrmyzy donsuz, silkme telpeksiz asylha göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen gelin-gyzlarynyň köýnekleri hem özboluşly aýratynlyklara eýe bolupdyr. Onuň esasynda köýneklik matany biçmekden, nagyşlarynyň salnyşyna çenli dünýä halklaryňkydan düýpgöter tapawutlanypdyr. Türkmen halky islendik bir işiň başyny tutanda hem türkmençilige ýa-da yrym-ynançlardan ugur alypdyrlar. Şeýle yrym-ynançlar milli lybaslary taýýarlananda hem giňden ulanypdyrlar. Sähetli günler bilen baglanyşykly  şular ýaly:  “Anna güniň öýläni bitmedik işiň haýrany”, “Çarşenbede çar ýana” ýa-da Şenbede biçme, annada göçme[1] ýaly yrym-ynançlar halk arasynda saklanyp galypdyr.

 

  1. Üme dessury

Türkmen zenanlary keşde etmegiň inçe tärlerini üme mekdebiniň üsti bilen nesillere geçiripdirler. Ümede iş öwrenýän gyzlaryň gyzlaryň barmagyna ýüwse ildirişini, sapak işişini ony iňňä sapyşyny ezber elli enelerimiz hiç wagt ünsden düşürmändirler. Olar “uzyn sapagy iňňä sapýan gyzlar uzakdaky oba durmuşa çykar, ýüpege düşen düwni emaý bilen çözüp bilýän gyz, baran ýigidiniň göwnüni tapar” diýip, pileden çekilip alnan ýüpegi tygşytly ulanmagy-da öwredipdirler. Mundan başga-da enelerimiz hiç bir zady yrýa etmezlige çalşyp, hat-da ýüpek gurçugynyň pilesiniň sapak almak üçin çekilende uç bermän galan bölegini isrip etmändirler. Olar uç bermedik piläni täzeden çekip, sapak alypdyrlar. Ondan alynýan sapaga “keji” diýlipdir. Keji – piläniň galyndysy bolup, ol jähek üçin juda oňaýly bolupdyr. Üme dessurynda gyz-gelinlerimiz her işiň başyny başlanlarynda yrymlary ýerine ýetiripdirler. Ýagny şolaryň biri hem haçanda durmuşa çykýan gyzyň kürtesini, çabydyny taýýar edenlerinden soň şol kürtäni atynjak gyzlara bagyşlap ýörite goşgulary hem aýdypdyrlar.

Egniňe geýdirilen kürtedir, çabyt,

Ol getirsin saňa egsilmez bagt.

Maňlaýyňa daňylan ap-akja ýaglyk,

Janymyza bersin polat deý saglyk[2].

Üme dessurynda hem gyz-gelinlerimiziň ýerine ýetirýän däp-dessurlary bolupdyr. Ol yrym-ynançlar iňňe, sapak sapmak, köýnek biçmek bilen baglanyşykly amala aşyrylypdyr. Olar şu aşakdakylary mysal getirmek bolar:

Uly gyz tikin tikende, sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gys­ga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.

Tikin tikeniňde birden sapagyňa çigin düşse, çözüp bil­me­seň, «Ýoldaşyň göwnüne ýetip bilmersiň» diýlip, çak edilýär.

Iňňe ýitende «Iňňe-iňňe, ýoldaşyň gelýär, çaý gaýnat» diýip, üç gezek gaýtalamaly. Şonda ýiten iňňe tapylarmyş.

Eşigiňi görmän çöwre geýseň, ýagşy arzuwlar etmeli, şon­da arzuwyň hasyl bolýar­myş.

Türkmenlerde bölek-büçek matalardan ýorgan-düşek tikil­ýär. Bu yrym ýagşy niýet­lere gaplanan, aňyrsynda «Göz deg­mek­den gorap saklaýar» diýlen ynanç ýatyr. Şu yrym tyg­şyt­lylygy terbiýeleýär, bölek-büçek ma­ta­lary ýerleşdirip, gül ýaly ýorgan-düşek tikilýär. Şular ýaly işleri edýän zenan­lara «Garyp öýüň gaznasy» diýilýär.[3]

Şeýlede üme dessury birnäçe gyz-gelinleriň jemlenişip, bir ýere üýşüp el işlerini ýerine ýetirýärler. Gadymy döwürden dowam edip gelýän däp biziň häzirki günlerimizde adynyň üýtgän görnüşinde dowam edip gelýär. Ýagny geçen asyrlarda “üme” diýlen bolsa, şu günki günlerde “bukja” taýýarlamak diýlip atlandyrylýar. Türkmen gyzynyň kürtesiniň taýýarlanylyşynyň aýratyn bir düzgüni bolup, gyz-gelinleriň bilelikde taýýarlamagynda amala aşyrylýar.

 

Bahar Mämmedowa, Türkmenistanyň Ylymlar

Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa

institutynyň uly ylmy işgäri.

Oraznabat Saparowa, Magtymguly adyndaky

TDU-nyň IV ýyl talyby.

 

[1]  Öräýew A. Yrymlar. – A: 1993. 43 s.

[2] Ahal welaýat Kaka etrabynyň Hakykat Daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Ýagmyrowa Maýadan ýazylyp alyndy (1977-nji ýylda doglan).

[3] Ylýasowa.G. Türkmen halk yrym-ynançlary. –A.: Miras, 2005. s.48.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika