Usain Bolt “EKSPO-2027” sergisiniň mahabatçysy boldy

Sekiz gezek olimpiýa çempiony bolan ýamaýkaly Usain Bolt 2027-nji ýylda Serbiýada geçiriljek “EKSPO-2027” bütindünýä sergisiniň mahabatçylarynyň biri boldy. Ýamaýkaly türgen Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde ýurduň Prezidenti Aleksandar Wuçiç bilen bilen duşuşdy.

– Serbiýada dünýä belli türgen bilen duşuşmakdan şatdyryn. Ol 100 metr aralyga ylgamakda rekordçy türgendir. Ol bu ugurda dünýäniň iň çalt ylgaýan adamy. Biz “EKSPO” sergisini gurnamak üçin taýýarlyk görýäris. Onuň dünýäniň iň uly çäresi bolar diýip umyt edýäris. Häzirki wagtda dünýäniň 115 döwleti sergä gatnaşmaga isleg bildirdi. Şonuň üçin onuň habardarlygyny artdyrmak isleýäris – diýip, Prezident Wuçiç aýtdy.

Ýamaýkaly türgen “EKSPO” sergisiniň ilçisi hökmünde saýlanyp alnandygyna örän şatdygyny belläp, tutuş dünýä “EKSPO” sergisini tanyşdyrmak mümkinçiligi döredilendigi üçin hem minnetdardygyny belläp geçdi.

38 ýaşyndaky Bolt 100 hem-de 200 metr aralyk boýunça ylgamakda yzly-yzyna 3 sany Olimpiýa oýunlarynda (Pekin-2008, London-2012 we Rio-2016) Olimpiýa çempiony bolan ýeke-täk türgendir.

Şeýle hem ol sekiz gezek Olimpiýa çempiony hem-de köp gezek dünýä çempiony boldy. 2017-nji ýylda professional karýerasyny tamamlan Usain Bolt 100 metre ylgamakda 9,58-lik görkeziji bilen dünýä rekordynyň eýesidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan-Özbegistan: elektron wiza we bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary göz öňünde tutulýar

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

23-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler