BILIM

Türkmen döwlet uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” abraýly halkara guramasynyň “Impact Rankings 2025” atly ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy.

Bu reýting, dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşýan goşantlaryna baha berýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlary – 3-nji “Sagdyn durmuş we abadançylyk”, 4-nji “Ýokary hilli bilim”, 5-nji “Gender deňligi” we 17-nji “Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk” maksatlary boýunça bahalandyryldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy

Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin halkara informatika internet olimpiadasy geçiriler