BIZNES

Türkmen işewürleri Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasay H.Rajapow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn türkmen-täjik özarahereketlerini has hem işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ugurda, ýeňil senagaty, nebitgaz pudagy, azyk önümleri, şeýle-de agrosenagat toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmegi üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýratyn bellenilip geçildi.

Täjik tarapy türkmen tarapynyň Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak boýunça başlangyçlaryny oňlamak bilen, bu ugurda dostlukly döwletiň onuň mümkin bolan tiz wagtda açylmagy hem-de işiniň doly gurnalmagy babatynda zerur bolan ýardamlary bermäge hemmetaraplaýyn taýýarlygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder