Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň söwda toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.
Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, degişli iş meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy, oňa laýyklykda, sergini we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini geçirmek, halyçylary sylaglamak, bäsleşigiň jemini jemlemek we medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak göz öňünde tutulýar diýip habar berdi.
Mundan başga-da, Bäherdeniň çeper halyçylyk kärhanasynyň täze dolandyryş we önümçilik binalarynyň açylyş dabarasyny guramak meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Diýarymyzda halyçylaryň hünär baýramynyň bellenilýändigini aýtdy. Ajaýyp halylary dokaýan çeper elli halyçylarymyz bütin dünýäniň ykrarnamasyna eýe bolan nepis sungaty döredýärler. Ussatlygy, inçe zehini talap edýän we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu çylşyrymly hem-de örän hormatly hünäriň inçe syrlary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Özüniň kämilligi bilen haýran galdyrýan türkmen el halylarynyň bu gün dünýädäki şöhraty belende galýar. Milli Liderimiz türkmen el halylarynyň gözelligiň ajaýyp nusgasydygyny belledi we meýilleşdirilen ähli çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp asyrlyk milli halyçylyk däplerini mynasyp dowam edýän halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.