JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyna ak pata berdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2 ýyllygy mynasybetli ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilendigi we bu ýerde ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna täze häzirki zaman 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini Milli Liderimizden haýyş etdi.

Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasy aragatnaşyň simsiz görnüşiniň 5-nji nesli hasaplanýar we ol ýokary tizlik derejesine we ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Şeýle hem onuň tizlik derejesi öňkä garanyňda, 20 esse ýokarydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadga şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi.

Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir.

Bu tehnologiýa onlaýn maslahatlaryny geçirmekde, emeli aň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarynda maglumat alyşmak wagtyny tizleşdirmekde ähmiýetlidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Professor Ýusup Azmun: “Makul Sözlük” diňe bir türkmenler üçin däl, eýsem beýleki halklar üçin hem peýdalydyr

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (39-sany)

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk eder

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriler