TESWIRLER

Türkmen gowurma nahary – türki sözleriň iňlis diline geçişiniň nyşany

Türkmen dili bilen iňlis dili, dünýä dilleriniň içinde aýry-aýry toparlara girýärler hem-de biri-birlerinden örän uzak ýerlerde ulanylýan diller. Şonuň üçin ýakyn döwürlerde aralarynda, dogrusy, söz almaşygy, ýagny alyş-berşi bolmandyr. Ýokarda görkezilen muskul ýaly ýek-tük latyn we grek asylly sözler türkmen diline rus dili arkaly geçipdir. Ýöne käbir türkmen sözleri dürli döwürlerde iňlis diline aralaşyp bilipdir. Meselem, gowurma (nahar ady) ýaly türkmen sözleri Angliýa korma görnüşinde Hindistanyň üsti bilen gelip ýetipdir. Bu gün Hindi restoranlarynda hödürlenýän towuk etinden bişirilen chicken korma dünýa belli bir naharyň adydyr.

Aslynda türki sözler baryp VI asyryň soňlarynda, Hunlaryň Ýewropada höküm süren döwründe iňlisleriň ata-babalary bolan Angllaryň, Saksonlaryň we Jutlaryň (Angles, Saxons, Jutes) dillerine giripdir. Çünki 376-njy ýylda Orta Ýewropanyň hemmesi diýen ýaly Hunlaryň kontrollygynda bolupdy. 449-njy ýylda, Atillanyň (Attilada diýilýär) ölüminden öň, ady agzalýan bu halklaryň ilki toparlary Britan adasyna göçüp başlapdyrlar. Bularyň göçmek prosesi 150 ýyl dowam edipdir.

Hunlaryň German halklarynyň üstünden höküm sürmegi netijesinde türkiniň bu halklaryň dillerine göni täsiri 75 ýyl çemesi dowam edipdir. Şol döwürdäki türkileriň german taýpalarynyň kultur we harby hyzmatlaryna bolan täsiri göz öňünde tutulsa, onda köp türki sözleriň şol döwrüň diline (iňlisleriň ata-babalarynyň diline) girendigini kabul etse bolar. Bu sözler köplenç harby terminologiýa, titullar, at ýetişdirmek we döwlet guramasyny düşündirýän terminlerden ybarat.

Häziriki zamanda iňlis dilinde ulanylýan beech “dub agajy”, body ”endam, beden”, girl ”gyz”, beer ”piwo”, book ”kitap”, king ”patyşa” ýaly sözleriň Hun döwründe iňlis diline geçen sözlerdigine ynanýanlar bar (Bikkinin, 2008: 2). Iňlis dilinde ýazylan etimologiýa sözlükleri bu sözleriň gelip çykyşyny anyklap bilmeýärler. Bularyň hiç biri latyn ýa-da grek dilinden çykan söz däl. Bulardan body sözi gadymy türki tekstlerde duşýan bodun sözünden (aşakda derňeljek) dörän boý sözüni ýada salýar; king sözi-de orhon ýazuw ýadygärliklerinde gabat gelýän “ata” manysyndaky kang sözüne meňzeş.

Iňlisçe beer sözüniň-de boza sözi bilen baglanyşyklydygy bilinýär; çuwaş dilinde bu söz pura bolupdyr (TMEN, 1963: 788). Günbatar ýurtlarynda ”Hudaýyň Gamçysy” lakamy berlen Hun imperatory Attilanyň adynyň-da ’ata’ manysyndaky gotça atta sözüniň hem-de kiçiligi bildirýän we gowy görülmegi aňladýan –i-la goşulmasyndan dörändigi aýdylýar (Room, 1993: 37). Bu sözdäki atta sözi gotça diýilsede, Hun döwründe bu dile geçen türki söz bolmaly. Hunlar gotlary ýeňip, olary günbatara kowupdyrlar. Şeýle-de bolsa, käbir gotlaryň hunlaryň raýaty bolup galyp, uzak wagtyň dowamynda olary oljalary bilen eklän Hun imperatoryny sylap, oňa ”ata” lakamyny beren bolmaklary mümkin.

Wikingler arkaly-da kabir türki sözler gadymy hem-de orta iňlisçä giren bolmaly. Wikingler IX asyrdan XII asyra çenli bolgarlar, peçenekler we gypjaklar bilen aktiw aragatnaşykda bolupdyrlar. Deňiz nomadlary hem-de söweşiji halk bolan wikingler 800-nji ýyllarda ýaýrap başlan bolsalar-da, olaryň baryp V asyrda hunlaryň gylyçlaryna uly baha berendikleri bilinýän bir fakt. Soňky ylmy barlaglar olaryň Don derýasynyň gyrasynda ýaşandygyny we VI asyrda türki halklaryň olary bu ýerlerden kowup çykarandygyny görkezýär.

Türki halklar bilen iňlisleriň gönümel aragatnaşygy haçly ýörişler döwründe iňlis aristokratlarydyr söweşijileriniň bu uruşlara gatnaşmagy sebäpli gaýtadan janlanýar. 1096-dan 1270-nji ýyla çenli ýewropalylar ”Hudaýyň kepenini halas etmek” hem-de mukaddes topraklary musulmanlaryň elinden almak üçin Palestina sekiz gezek ýöriş edýärler. Bu ýörişleriň ýewropa medeniýetine belli bir derejede peýdaly goşandy bolupdyr.

Hut şu döwürden soň Günbatarda adamlar nahardan öň ellerini ýuwup başlapdyrlar; dürtgüç we pyçak ulanmagy, egin-eşiklerini çalşyrmagy, hammamda gyzgyn suwa ýuwunmagy öwrenipdirler. Ýewropalylar şaly, gawun-garpyz, erik ýetişdirmegi, ýüpek matalary we aýna öndürmegi öwrenipdirler we öňküsinden gowy hilli demir öndürip başlapdyrlar. Musulman ýurtlaryň medrese sistemasyny öwrenip, okuw jaýlarynyň arhitekturasyny-da medreseleriňkä meňzedip gurup ugrapdyrlar. Muny Oksford universitetiniň käbir bölümleriniň binalarynda görse bolýar.

Haçly ýörişleriň iň uly duşmanlary türklerdi. Olar türklere saracen (sarasin okalýar) diýýärdiler. Rus diilinde bu söz сарацин (saratsin) bolupdyr. Häzirki zaman iňlis dilinde bir hili gara bugdaýa Saracen corn (sarasin korn diýlip okalýar) diýilýär. Munuň sözme-söz terjimesi ”türk jöweni ýa-da darysy” bolýar. Bu-da agzalýan sözüň haçly ýörişler döwründe iňlis diline girendigini görkezýär. Siriýada we Palestinada türkler/türkmenler bilen urşan ýewropalylar sarasin adyny Ýakyn Gündogaryň umumy musulman halkyny, şol sanda türkleri, Siriýa, Palestina we Müsür araplaryny atlandyrmak üçin ulanyp başlapdyrlar. Şol sebäpden käbir etimologiýa sözlükleri sarasinden alnan sözleri arap sözleri diýip görkezýärler. Bu etimologlar arap we pars dillerinde-de köp sanly türki sözleriň bardygyny göz öňünde tutmaýarlar.

“SÖZ KÖKÜMIZ – ÖZ KÖKÜMIZ” kitabyndan Awtoryň razylygy bilen alnandyr. 

Ýusup AZMUN,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureýaty,

dilçi we edebiýatçy alym, professor.

Bu eserde beýan edilýän pikirler we garaýyşlar dolulygyna awtoryň özüne degişli bolup, “Ata Watan Media” bu eseri Size redaksiýon garaşsyzlygynyň çäginde, awtoryň asyl görnüşinde ýetirýär. Beýan edilen pikirler “Ata Watan Media”-nyň resmi garaýyşlaryny aňlatmaýar.

Ýene-de okaň

”Kaşyk” we ”Kalam” – Galam” sözleri barada: Söz kökümiz-öz kökümiz

Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl

“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?”

”Kaýda Watan ýurduň gardaş Abdylla”

Ata Watan Eserleri

Sözi takyk manysynda ulanmak möhümdir

“Kejebe” sözüniň gelip çykyşy