DÜNÝÄ

Türkmen diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ymtylyşynyň nyşany bolup durýar. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabaralar aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny» atly halkara ylmy maslahat baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzdi. Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýörite sergisi bilen tanyşdylar.

Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow hem-de Türkmenistanyň Owganystanyň Mazari-Şarif şäherindäki baş konsuly  Bazarbaý Kabaýew «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy. 

Şeýle hem asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Ýene-de okaň

Seulda ýylyň şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary

Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanda geçirilen diplomatiýa gününe bagyşlanan halkara sergide wekilçilik etdi

Er-Riýadda rus-amerikan gepleşikleri geçirildi

Türki Döwletleriň Guramasy integrirlenen söwda giňişligini döreder

Eýranyň ilaty 85 milliondan geçdi