MEDENIÝET

Türkmen aýdym-sazlary ABŞ-da ýaňlanar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýurdumyzyň Medeniýet günlerine we türkmenleriň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi. Döredijilik çäresi 23-24-nji oktýabrda Aşgabat şäheri bilen doganlaşan Albukerke şäherinde bolar.

Şeýle ýokary derejedäki döredijilik forumy üçin Albukerke şäheriniň ýaşaýjylar üçin bildiriş hem çap edildi. Onda ABŞ-nyň Nýu-Meksika ştatynyň Albukerke şäherinde türkmen aýdym-sazlarynyň belentden ýaňlanjakdygy habar berildi.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirjek hem-de milli sungatymyzy açyp görkezjek çykyşlarynyň uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi. Şeýle hem bu döredijilik forumy türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezmäge şert döreder.

Albukerke şäheriniň beren maglumatyna görä, 10 ýyl mundan ozal, Türkmenistandan 70-den gowrak sungat ussatlary Nýu-Meksiko ştatynda bolup, ajaýyp çykyşlary görkezipdi. Bu topar ABŞ-a şu wagta çenli baran iň uly döredijilik topary bolupdyr. Şonda türkmen medeniýet ussatlary Waşington we Albukerke şäherlerinde bolupdylar.

Golaýda Albukerkeniň şäher häkimi Tim Keller Türkmenistanda saparda boldy. Şol saparyň netijeleri boýunça türkmen tarapy 30 türkmen suratkeşini Albukerke iberer.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda Aşgabat bilen Albukerke doganlaşan şäherler hökmünde yglan edildi. Şondan bäri iki şäheriň arasynda medeni maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Bu gezekki döredijilik forumynda Türkmenistanyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowa, Guwanç Ýazmämmedow hem-de Gülşirin Annamyradowa we beýleki ýaş aýdymçylar çykyş ederler. Şeýle hem “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa tans toparynyň çykyşlery görkeziler.

Şeýle hem türkmen milli saz gurallary bolan dutar we gyjakda aýdylýan sazlardyr aýdymlar ýaňlanar. Sungat forumynyň çäklerinde türkmen halkynyň baý medeniýetini we milli şaý-seplerini açyp görkezýän sergi guralar.

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy