MEDENIÝET

Türkmen aýdym-sazlary ABŞ-da ýaňlanar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýurdumyzyň Medeniýet günlerine we türkmenleriň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi. Döredijilik çäresi 23-24-nji oktýabrda Aşgabat şäheri bilen doganlaşan Albukerke şäherinde bolar.

Şeýle ýokary derejedäki döredijilik forumy üçin Albukerke şäheriniň ýaşaýjylar üçin bildiriş hem çap edildi. Onda ABŞ-nyň Nýu-Meksika ştatynyň Albukerke şäherinde türkmen aýdym-sazlarynyň belentden ýaňlanjakdygy habar berildi.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirjek hem-de milli sungatymyzy açyp görkezjek çykyşlarynyň uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi. Şeýle hem bu döredijilik forumy türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezmäge şert döreder.

Albukerke şäheriniň beren maglumatyna görä, 10 ýyl mundan ozal, Türkmenistandan 70-den gowrak sungat ussatlary Nýu-Meksiko ştatynda bolup, ajaýyp çykyşlary görkezipdi. Bu topar ABŞ-a şu wagta çenli baran iň uly döredijilik topary bolupdyr. Şonda türkmen medeniýet ussatlary Waşington we Albukerke şäherlerinde bolupdylar.

Golaýda Albukerkeniň şäher häkimi Tim Keller Türkmenistanda saparda boldy. Şol saparyň netijeleri boýunça türkmen tarapy 30 türkmen suratkeşini Albukerke iberer.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda Aşgabat bilen Albukerke doganlaşan şäherler hökmünde yglan edildi. Şondan bäri iki şäheriň arasynda medeni maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Bu gezekki döredijilik forumynda Türkmenistanyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowa, Guwanç Ýazmämmedow hem-de Gülşirin Annamyradowa we beýleki ýaş aýdymçylar çykyş ederler. Şeýle hem “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa tans toparynyň çykyşlery görkeziler.

Şeýle hem türkmen milli saz gurallary bolan dutar we gyjakda aýdylýan sazlardyr aýdymlar ýaňlanar. Sungat forumynyň çäklerinde türkmen halkynyň baý medeniýetini we milli şaý-seplerini açyp görkezýän sergi guralar.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär