BILIM

Türkiýede uniwersitetlerde üç aýlyk tomus dynç alşy ýatyrylýar

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşliginiň başlygy Prof. Dr. Erol Özwar uniwersitet bilim ulgamyny düýpgöter üýtgetjek täze modeli jemgyýetçilige hödürledi. 2026–2027-njy okuw ýylynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän düzgünnama bilen, 4 ýyllyk bakalawr okuwynda kredit ýitgisi bolmazdan 3 ýyla gysgaldylar. Täze okuw tertibinde tomus dynç alyşlarynyň ornuny “üçünji semestr” alar.

Ýokary bilimde ählumumy ülňülere ýetirmek we zähmet bazaryna goşulmagyny çaltlandyrmak maksady bilen taýýarlanan “3 ýyllyk bakalawr” modeli kem-kemden anyklaşyp başlady. Erol Özwaryň bellemegine görä, okuw möhletiniň gysgaldylmagy ders mazmunyndan kemeldilmezden, akademiki senenamany has ýygjam we netijeli peýdalanmak arkaly üpjün ediler.

TOMUS DYNÇ ALŞY GYSGALÝAR, OKUW HAS ÝYGJAMLAŞAR

Täze ulgamyň iň üns çekiji tarapy, däp bolan tomus dynç alyş düşünjesiniň tamamlanmagydyr. Häzirki ulgamdaky uzak wagtly dynç alyş döwürleri akademiki ýylyň içine goşulyp, üçünji bir döwür emele getiriler.

Täze akademiki senenama taslamasy:

  • Açylyş: Uniwersitetler sentýabr aýynyň başynda okuwa başlar.

  • Tamamlanyş: Okuw döwri iýul aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

  • Üç semestrli ulgam: Bir akademiki ýylda 14 hepdelik iki döwür ýerine, möhleti ýygjamlaşdyrylan üç dürli döwür ulanylar.

“KREDITLER GORALAR, NETIJELILIK ARTAR”

“Has az ders okadylarmy?” diýen sowala jogap beren Erol Özwar bilim beriş ulgamynyň hiliniň pese gaçyrylmagyna ýol berilmejekdigini belledi. Özwar bu düzgünnamany şeýle sözler bilen jemledi:

NÄME ÜÇIN 3 ÝYL?

Ýokary bilim geňeşiniň bu ädiminiň düýbünde, esasan hem Ýewropada we beýleki köp sanly ösen ýurtlarda ulanylýan “Bolonýa prosesi” bilen sazlaşyk hem-de ýaşlaryň iş üpjünçiligine has ir goşulmagy maksady ýatýar. Okuwyň 3 ýyla düşürilmegi bilen, uniwersitetleriň fiziki mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagy we talyplaryň çykdajylarynyň (ýaşaýyş, ulag we ş.m.) umumylykda bir ýyl azaljakdygy çaklanylýar.

ULGAM 2026-DA BAŞLAR

Uniwersitetler bilen utgaşykly alnyp barylýan tehniki işler tamamlanandan soň, täze ulgamyň 2026–2027-njy okuw ýylyndan başlap tapgyrlaýyn ýa-da synag sebitleri/bölümleri boýunça işe girizilmegine garaşylýar. Düzgünnamanyň haýsy bölümleri (Lukmançylyk, Hukuk, Inženerçilik we ş.m.) öz içine aljakdygy bolsa, öňümizdäki aýlarda ulgamlaýyn esasda alnyp barylýan işler arkaly anyklaşdyrylar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy