SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede 1-nji martdan çäklendirmeler gowşadylar

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja ýurduň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 1-nji martdan başlap, çäklendirmeleriň tapgyrlaýyn gowşadyljakdygy baradaky aýdanlary “Twitter” jemgyýetçilik toruna ýerleşdirmegi köpleriň ünsüni çekdi.

Ministr bu barada 1-nji martdan başlap, 4 töwekgelçilik derejesinde kesgitlenen ugurlar boýunça çäklendirmeleriň gowşadyljakdygyny belledi. Ministriň aýtmagyna görä, welaýatlar boýunça koronawirus wakalarynyň sanynyň şol ýeriň ilatyna görä “pes töwekgelçilikli”, “orta töwekgelçilikli”, “ýokary töwekgelçilikli” hem-de “has ýokary töwekgelçilikli” hökmünde synplandyrylar.

Ýüz müňde 10-den pes wakaly sebitler “pes töwekgelçilikli”, 11-35 arasyndaky wakaly sebitler “orta töwekgelçilikli”, 36-100 arasyndaky sebitler “ýokary töwekgelçilikli” hem-de 100-den ýokary bolan sebitler “has ýokary töwekgelçilikli” sebitler hökmünde kesgitlener.

“Pes töwekgelçilikli” welaýatlar gök reňkde, “orta töwekgelçilikli” welaýatlar sary reňkde, “ýokary töwekgelçilikli” welaýatlar mämişi reňkde hem-de “has ýokary töwekgelçilikli” welaýatlar gyzyl reňkde görkeziler. Her sebit öz ýagdaýyna görä öňüni alyş çärelerini kesgitlär.

Haýsy öňüni alyş çäklendirilmeleriň gowşadyljakdygy barada doly maglumat berilmedi. Şeýle-de bolsa, welaýatlaryň ýerleşýän sebitindäki ýagdaý käbir çäreleriň dowam etdirilmegini talap edip biler. Mysal üçin, bir welaýatda epidemiýa gaty ýokary bolsa, ýöne töwerekdäki welaýatlarda keselleriň sany gaty az bolsa, töwekgelçilikli şähere girmek we çykmak üçin syýahat çäklendirmeleri göz öňünde tutulyp bilner.

Türkiýede köpçülikleýin sanjym işleri dowam edýär. Soňky ýagdaýa görä, 5,5 million adama koronawirus ýokanjyna garşy ilkinji sanjymlar edildi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder