BILIM

Türkiýäniň ýokary bilim ulgamy onlaýn sergide tanyşdyrylar

Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri (uniwersitetleri) dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaşlary bilim almaga çagyrýar. Bu babatda Türkiýäniň Ýokary bilim edarasy (YÖK) degişli işleri alyp barýar. Türk edarasynyň ýakyn wagtda amala aşyrjak çäreleriniň biri hem dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýaşlary onlaýn giňişlikde jemälp, Türkiýäniň ýokary bilim mümkinçilikleri barada maglumat bermegi göz öňünde tutýar.

Şu ýylyň 20-22-nji iýuly aralygynda “Study in Turkey (Türkiýede okamak) – ÝÖK onlaýn sergisi” atly onlaýn sergi guralar. Onda ýurduň uniwersitetleriniň diwarlyklary ýerleşdirilip, şol ýerde uniwersitetleriň bilim beriş ulgamy barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik dörediler.

Bu sergi Türkiýäniň uniwersitetlerini onlaýn tanyşdyrmak üçin giň mümkinçilik döreder. Bu sergi Türkiýäniň Ýokary bilim edarasy ilkinji gezek geçirilýän giň gerimli çäreleriň birine öwrüler.

Häzirki wagtda Türkiýede dünýäniň 182 ýurdundan 180 müňe golaý daşary ýurtly talyp bilim alýar.

Ýene-de okaň

Mekdep bazarlarynda söwdalar gyzyşýar

Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetinde hytaý dili öwrediler

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Ata Watan Eserleri

Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy 2025 Pekinde geçirildi

2026-2027-njy okuw ýyly üçin “Chevening” talyp haky maksatnamasyna arza kabul edilýär