BIZNES

Türkiýäniň türki döwletlerine eksporty artýar

Soňky dört ýylda Türkiýäniň Azerbaýjana, Gazagystana, Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksporty iki esse artyp, 11 milliard dollardan geçdi.  Bu barada Türkiýäniň Statistika müdirligi habar berýär.

Bu edaranyň habar bermegine görä, 2020-nji ýylyň ahyrynda bäş türki döwletine Türkiýäniň eksporty 5,4 milliard dollar bolan bolsa, ýylyň dowamynda eksportuň möçberi 7,2 milliard dollara çenli artdy. “2022-nji ýylda türki döwletlerine eksport 8 milliard dollara, 2023-nji ýylda bolsa 9,9 milliard dollara ýetdi. Ahyrynda, geçen ýylyň netijelerine görä, 11,1 milliard dollara çenli rekord derejede ösüş gazanyldy “-diýip, ýurduň statistika edarasy habar berdi.

Gazagystan 2024-nji ýylda (3,3 milliard dollar) türk önümlerini satyn almagyň mukdary boýunça bäş ýurduň arasynda öňdebaryjy boldy.

Şeýle hem bu ugurda Azerbaýjan 3,1 milliard dollar, Özbegistan 2,2 milliard dollar, Gyrgyzystan 1,4 milliard dollar we Türkmenistan 1,1 milliard dollar görkezijä eýedir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary