BILIM

Türkiýaniň Özdemir Baýraktar adyndaky Milli Tehnologiki talyp haklary maksatnamasyna kabul edişlik başlady

Türkiýäniñ tehnologik topary gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Özdemir Baýraktar» atly milli tehnologiki talyp haklary maksatnamasynyñ çäklerinde 2026-njy ýylda 5 müñ talyba 7 müñ türk lirasy möçberinde talyp haklary berler. Maksatnama Türkiýede okaýan mekdep okuwçylary, orta hünär okuw mekdebiniñ, bakalawr, şeýle hem magistratura derejesinde bilim alýan talyplar ýüz tutup bilerler.

  • «Galkynyş Ýyldyzy» talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde 50 talyba 10 aýyň dowamynda 6 müñ türk lirasy möçberinde talyp haklary;
  • Tälimçi-mugallymlar üçin talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde 1.100 talyba 12 aýyň dowamynda 6 müñ türk lirasy möçberinde talyp haklary;
  • «Sen Geljeksiň» talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde 600 talyba 10 aýyň dowamynda 6 müñ türk lirasy möçberinde talyp haklary;
  • Bilimi goldamak boýunça talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde 3200 talyba 10 aýyň dowamynda 4 müñ türk lirasy möçberinde talyp haklary;
  • T3 AI bakalawr ulgamy gözlegçileri üçin talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde 30 talyba 6 aýyň dowamynda 7 müñ türk lirasy möçberinde talyp haklary;
  • Etiki kommunikasiýa talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde 20 talyba 10 aýyň dowamynda 6 müñ türk lirasy möçberinde talyp haklary berler.

Maglumat kitapçasy üçin:

https://bursiyer.t3vakfi.org/

Ýüz tutmak üçin:

https://mth.tc/Burs2026

Ýüz tutmagyñ soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy