Soňky döwürde talyp wizasyna ýüz tutmak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň ep-esli artmagy sebäpli, näsazlyklaryň öňüni almak maksady bilen, 20.08.2025 senesinden talyp wizasyna ýüz tutmak isleýän raýatlar, okuwa kabul ediş hatlaryny ýa-da talypdygyny tassyklaýan resminamalary görkezmek şerti bilen, amallaryny nobata bellenmeden ýerine ýetirip bilerler.
Bu barada Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasynyň wiza merkezi habar berýär.
Arza üçin zerur resminamalaryň ählisi taýýar bolan ýagdaýynda, wiza merkezine öňünden nobata bellenmeden ýüz tutup bolar.
Mahabat:
Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com