MEDENIÝET

Türki döwletler umumy elipbiýi döretmegi meýilleşdirýär

Türki döwletleriň guramasy agza döwletleriň arasynda umumy elipbiýi döretmek işini işjeňleşdirýär. Munuň üçin ýörite topar döredildi. Bu barada “Anadoly” agentligi habar berýär.

Türkiýäniň Bursa şäherinde dilleriň gününiň 90 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi” seminarda umumy elipbiýi döretmek boýunça topar döretmek baradaky çözgüt Türki döwletleriň guramasynyň garamagyna hödürlendi.

Bursa şäherindäki seminar türk dili jemgyýetçiniň ýolbaşçysy Gürer Gülsewiniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Oňa Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym hem gatnaşdy.

Seminarda türki döwletleriň alymlary elipbiý hem-de öz ýurtlarynda dilleriň kämilleşdirilişi barada maglumat berdiler. Şeýle hem umumy elipbiýi döretmek baradaky işi çaltlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Seminaryň çäginde Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndan “Ýeke-täk elipbiý boýunça topar” döretmek barada degişli çözgüt kabul edildi.

Topara türki döwletleriň dil syýasaty bilen işleýänýän resmi edaralaryndna 2 agza girer. Topar guramanyň Ýaşulular geňeşine ýeke-täk elipbiý barada maglumat berer.

Bu toparyň ilkinji ýygnagy Gyrgyzystanda geçiriler.

Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. 2018-nji ýylda Özbegistan bu guramanyň doly agzasy bolup, Wengriýa synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Türkmenistan geçen ýylyň noýabr aýynda Türki döwletleriň guramasyna synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy