SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkhowaýollary: Jemi 19 ýörite gatnaw

Mälim bolşy ýaly, dünýäde ýiti öýken sowuklama keseli, ýagny koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýramagy köp sanly çäklendirmeleriň girizilmegine ýol açdy. Koronawirus ýokanjy dünýäniň ykdysadyýetine öz ýaramaz täsirini ýetirip, bu pandemiýadan iň köp zyýan çeken pudaklaryň biri hem ulag, galyberse-de awiasiýa pudagy boldy.

Umuman, 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap, dünýäniň ähli ýerinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň hem-de ýurtlaryň çägine aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen halkara uçar gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi.

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Türkmenistan hem dünýä döwletleri bilen bir hatarda halkara howa gatnawlaryny çäklendirdi. Muňa garamazdan, Türkmenistan tarapyndan alnan öňüni alyş çäreleriniň hasabyna gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýörite uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagyna mümkinçilik döredildi.

Habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň we Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň! @atavatanhabar Instagram hasabymyzy hem yzarlamagy unutmaň!

 

Şeýle mümkinçilikden peýdalanan awiasiýa kompaniýalarynyň biri hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasydyr. Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  internet saýtyna gelip gowşan  täze maglumata görä, bu kompaniýa, halkara uçar gatnawlaryna girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleriň ýola goýlan wagtyndan bäri jemi 19 ýörite gatnaw amala aşyrdy.

Biziň www.atavatan-turkmenistan.com  internet saýtynda yzygiderli bu ýörite gatnawlar barada habarlar ýerleşdirildi. Bu ýörite gatnawlaryň aglabasy Stambul-Türkmenabat-Stambul ugry boýunça amala aşyrypdy.

Bu hasaba kompaniýalaryň sargydy bilen amala aşyrylan uçuşlar degişli däldir. Alnan maglumata görä, ýakynda yzly-yzyna ýene de 2 sany ýörite gatnawyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

S7” awiakompaniýasy 17 ýörite uçar gatnawy amala aşyrdy

Bilşiňiz ýaly, Russiýanyň  “S7” awiakompaniýasy hem Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrdy. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri jemi 17 ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

 

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň !

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi:Awgust 2021

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy