PEÝDALY MASLAHAT

TÜRK PEÝNİRLERİ

Ajaýyp tagamlary we köpdürlüligi  bilen gözüňi dokundyrýan türk aşhanasy, ýurduň ähli sebitinde taýýarlanýan peynirleri bilen özüne bendi edýär. Ýurduñ sebitlerindäki howanyň birmeňzeş dälligi, ýagny biodürlüligi bu tagamlaryñ esasyny düzýär. Her sebitiñ özüne mahsus bolan howasy süýdüň we peýniriň dürli tagamly we hoşboý ysly bolmagyny üpjün edýär. Şeyle hem ulanylýan dürli peýnir öndürmek usullary peýniriñ görnüşini artdyrýar.

 

“Ak peynir” medeniyeti

“Feta” sözi grek dilinde ak peýnir manysyny berýär. Adaty türk ertirliginiň aýrylmaz bölegi bolan feta peýniri, Türkiýede iň köp sarp edilýän we ýurduñ ähli sebitinde diýen ýaly öndürilýän azyklaryñ biridir. Türkiýäniň iň meşhur ak peýnirleri  diýilende, adamlaryň aňyna ilki bilen  Trakýa sebitiniñ Edirne we Çanakkale welaýatlary gelýär. Edirne ak peýniriniň esasy aýratynlygy düzüminde hiç hili goşundy bolman, diňe süýt, hamyrmaýa we duz ulanyp öndürilmegidir. Kaz daglaryndaky öri meýdanlarda ter otlar bilen iýmitlenýän mallaryñ süýdünden öndürъlýän Ezine peýniri hili we tagamy bilen tapawutlanýar.

 

Balykesiriñ 50 peýniri

Bursa Karajabeý etrabynyñ öñki adyny göterýän mihaliç peýniri Türkiýede asyrlar boýy öndürilýän peýnirleriñ biridir. Ol esasan Balykesir we Bursa şäherlerinde geçi ýa-da sygyr süýdünden taýýarlanýar.  Ýiti duzly tagamy sebäpli işdäaçarlarda ulanylýar. Balykesiriñ peynirleri barada gysgaça durup geçsek, bu ýerde peýniriñ 50 sany görnüşi öndürilýär.

 

Kapadokýa sebitiniň küflü peýnirleri

Kapadokýada ýerleşýän Nigdäniň küflü peyniri diýip atlandyrylýan bu peynir, Nigde gowaklarynda 15 metr çuňlukda 7 aýyñ dowmaynda saklanyp taýýarlanýar. Ýedi aý geçenden soň tagamly we mawy gök öwüsýän bu peýnir tebigy antibiotik hökmünde hem ulanylýar. Konýanyñ we Karaman welaýatlarynyň meşhur Divle obruk peyniri hem gowaklarda garaşdyrylyp taýýarlanýan peýnirleriñ biri bolup durýar. Taryhy gelip çykyşy asyrlara uzanan bu peynirler Osmanly imperiýasy döwründe esgerlere antibiotik melhem hökmünde berlipdir.

 

Peýniriñ jennet mekany bolan gündogaryň aýratyn tagamlary

Gündogar Anadoly sebiti hem özboluşly peýnirleri bilen meşhurdyr. Erzinjanyñ tulum peýniri, Karsyñ kaşar peyniri we Wanyň otly peýniri bu sebitleriñ iň lezzetli peýnir görnüşleri bolup durýar. Bu peýnirleriň lezzetli bolmagynyñ esasy aýratynlygy beýikligi deňiz derejesinden ýokary bolan ýaýlalary, ösümlikleriñ görnüşiniñ köp dürlüligi, arassa we salkyn howasydyr. Geçiñ tüýüne ýa-da goýun derisine basyrylyp 2-3 aý garaşdyrylyp taýýarlanýan tulum peýniri, çig süýt we hamyrmaýa bilen öndürilýändigi sebäpli özboluşly lezzete eýe bolup durýar.

 

Dabarasy dag aşýan Karsyň kaşar we grawýer peýnirleri, bu ýerde takmynan 100-si endemik bolan ösümlikleriň 1600 görnüşiniñ ýüze çykarylan öri meýdanlarynda otlaýan haýwanlaryň süýdünden taýyarlanýar. Kars şäheriniñ Bogatepe obasynda peýnir muzeýi hem bar.

 

Türkiýäniň Wan welaýatynyñ dünýä belli ertirlik naharlarynda möhüm orna eýe bolan otly peýnir, timýan-efir ýagy, ýabany sarymsak ýa-da narpyz ýaly otlar bilen ýugurulyp taýýarlanýar.

 

 

 

Haýsy peýnir nähili sarp edilýär?

 

Çanakkale Ezine & Edirne Beýaz peyniri            Ertirlikde esasan hem simit (künjüli bulka)                                                                           bilen

 

Mihaliç Peýniri                                                        Ertirlikde

Mindal, gury iýmiş we tomusda garpyz                                                                               bilen

Aş we işdäaçarlarda

 

Nigde Mawysy & Konýa Küflü peýniri                 Ertirlikde esasan hem blinçik we                                                                                          süýtli heýgenekde

Aş we işdäaçarlarda

 

Diwle Obruk peýniri                                               Ertirlikde buterbrodlarda we                                                                                                 süýtli heýgeneklerde

Içlekli we işdäaçarlarda

 

Erzinjan tulum peýniri                                            Ertirlikde mesge-çörek ýada lawaşyñ içine                                                                          dolap

Kesilen unaş bilen ve rukkol                                                                                                işdäaçarlarynda

 

Kars kaşar peýniri                                                   Ertirlikde, buterbrodlarda we                                                                                                süýtli heýgeneklerde

Çorbalarda gyrgyçdan geçirilip

 

Karsyñ grawýer peýniri                                          Ertirlikde, buterbrodlarda ve                                                                                                 süýtli heýgeneklerde

Etli naharlarda sous hökmünde

 

Wanyñ otly peýniri                                                   Ertirlikde – Wan ertirliginiñ aýrylmaz                                                                                  bölegi

Içlekli we işdäaçarlarda

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik