PEÝDALY MASLAHAT

Ýaldyrak dogdy

Aralyk we Üçýyldyz döwri daýhany-da, maldary-da synaga goýýan jöwzaly günleri bilen ahyry öz ornuny Ýaldyraga berdi. Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we onuň yz ýanyndan jöwzaly yssy has ýokarlanýar. «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýen sözler şonuň mysalydyr.

Üçýyldyz döwrüniň soňky günleri awgust aýynyň birinji ongünlügine gabat gelýär. Bu döwürde dowam edýän yssy we gurak howanyň dessine öz ornuny çygly, salkyn howa beresi gelenok. Edil şu döwürde ýene-de yssy günler ýeterlik bolýar. Aýratyn-da, «Ýaldyragyň ýangyny» atlandyrylýan jöwzaly günler uzak dowam etmese-de, daýhany-da, maldary-da az-kem ýadadýar. Elbetde, daýhan bu yssy günleriň peýdasyny-da unutmaýar. Hut Ýaldyragyň dowam edýän günlerinde gowaça hasyl toplaýar. Yssy günlerde gowaçanyň toplaýan hasylynyň süýüminiň hili-de ýokary bolýar.

Ýaldyrak ýyldyzy, adyndan belli bolşy ýaly, Gün ulgamyndaky has ýagty ýyldyzlaryň biridir. Ol Gün ulgamyna golaýlygy boýunça ýyldyzlaryň arasynda ýedinji orny eýeleýär. Astronomlaryň ylmy çaklamalary boýunça Ýaldyrak ýyldyzy gabarasy, agramy we gyzgynlygy babatda Günden iki esse ýokarydyr. Ol bary-ýogy 40 gün dowam etse-de, gyzgynlygy gowşamaýar. Diňe gijelerine çyg düşüp, howa birneme salkynlaýar. Ýaldyrak dogandan soň, çarwanyň-da, daýhanyň-da aladasy artýar. Çarwa güýz gyrkymyna girişýär. Daýhan bolsa şu döwürde bugdaý ekişine taýýarlanyp, gowaçanyň hasylyny artdyrýar. Meýdandaky bakja ekinleriniň baly goýalýar. Daýhanyň maňlaý deri bilen ýetişdiren önümleri onuň bereketli saçagyna dolup başlaýar. Ýaldyrak döwri 12-nji awgustdan başlanyp, 22-nji sentýabra çenli dowam edýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri