MEDENIÝET

Täze serial: “Sähranyň şasy Jelaleddin”

Türkiýe bilen Özbegistanyň bilelikde durmuşa geçiren täze taslamasy “Sähranyň şasy Jelaleddin” serialy teletomaşaçylara hödürlener. Mehmet Bozdag tarapyndan taslamalaşdyrylan bu serialda Jelaleddin Meňburunyň durmuşy suratlandyrylýar.

Türkiýäniň “ATV” teleýaýlymynda görkeziljek serialyň režissýorlygyny Metin Günaý hem-de Nurgissa Almyrat alyp barar. Serialda türk we özbek sungat işgärleri çykyş ederler. Olaryň hatarynda Emre Kywyljym, Jemal Hünal, Ýulduz Rajowa, Rano Şodiýewa we Sezgin Erdemir ýaly aktýordyr aktrisalar bar.

Mongol basybalyjylaryna garşy göreşen hakyky gahryman Jelaleddin Meňburunyň durmuşyny janlandyrýan bu serial türk teleýaýlymynda görkeziler. Ol Türkiýäniň teleýaýlymlarynda, esasan hem taryhy kinolary we seriallary surata düşürmäge uly ähmiýet berýän belli türk režissýory Mehmet Bozdag tarapyndan alnyp barylýar. Mehmet Bozdag “Diriliş Ärtogrul” atly taryhy serialyny surata düşürdi. Häzir bolsa “Kuruluş Osman” atly taryhy serialyny surata düşürip, teleýaýlymda tomaşaçylara hödürleýär.

Serialyň çeper režissýory Reza Himmeti, surat režissýory Efe Kubilaýdyr. Özbegistanda uly gyzyklanma döreden halkara taslama Türkiýeden başga-da köp ýurtda ýaýlyma bermek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, bu serialyň galasy Özbegistanyň paýtagty Daşkentde amala aşyrylypdy.

Meşhur režissýor Mehmet Bozdag özüniň jemgyýetçilik torundaky hasabynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem bolandygyny aýdýar. Şol jemgyýetçilik torundaky hasabynda beren beýanatynda: “Mermerleriň ýüreginde Oguzhanyň tagmasy bolan Aşgabat şäherinde boldum. Bu owadan şäheri guran türkmen doganlarymyzy gutlaýaryn. Türkmenistany täzeden ösdüren döwlet Baştutany hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gutlaýaryn”.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/oz-asyrynyn-ogly-jelaleddin-menburny/

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/cingiz-hanyn-horezme-cozmagy-jelaleddin-menburny/

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/yaslyk-yyllary-jelaleddin-menburny/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/jelaleddin-turkmen-ya-da-jelaleddin-menburny/

 

Adwokatlyk iÅŸi barada maglumat

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär