BIZNES

TSTB-niň agzalary we BMG Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalaryny birleşdirýärler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we BMG-niň ýurtdaky wekilhanasy Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyna gol çekdiler. Resminama 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde taraplaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Hususy pudak Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Ol söwda, maliýe we maýa goýumlary pudaklarynda innowasiýalaryň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Hususy pudagyň düzümi köpdürlüdir – ol iri korporasiýalardan başlap, hususy telekeçileri we olaryň birleşiklerini öz içine alýar.

Gol çekilen Hereketleriň meýilnamasy hususy pudagyň mümkinçiliklerini we BMG-niň tejribesini birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň bähbidine innowasion çözgütleri has işjeň ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder