JEMGYÝET

Türkmenistana gelmek üçin Wizalaryň görnüşleri

a) Bir gezeklik

b) Iki gezeklik

ç) Köp gezeklik

Daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara (mundan   beýläk-daşary ýurt raýatlary) Türkmenistana gelmek hem-de Türkmenistandan gitmek üçin wizalaryň (mundan beýläk-wizalary) şu derejeleri resmileşdirilip bilner:

  1. Diplomatik wiza (DP);
  2. Gulluk wizasy (OF) ;
  3. Işewürlik wizasy (BS1, BS2);
  4. Maýa goýum wizasy (Inwestisiýa wizasy) (IN);
  5. Işçi wizasy (WP);
  6. Maşgala wizasy (FM);
  7. Sport wizasy (SP1, SP2);
  8. Ynsanperwerlik wizasy (HM);
  9. Hususy wiza (PR1, PR2);
  10. Talyp wizasy (ST);
  11. Syýahatçylyk wizasy (TU);
  12. Üstaşyr wizasy (TR1, TR2);
  13. Saglygy bejeriş wizasy (HL);
  14. Sürüjilik wizasy (DR);
  15. Çykyş wizasy (EX).

Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin rugsatnamalary (mundan beýläk-iş rugsatnamalary) we Işçi wizalary resmileşdirmek üçin degişli resminamalar bilelikde talap edilmäge degişlidir.

Her bir derejedäki wizalary resmileşdirmek üçin bellenen görnüşdäki ýazmaça ýa-da elektron ýüztutmalary  we ýüztutma goşulýan resminamalary, şol sanda 5*6 ölçegdäki reňkli suratly bellenen görnüşdäki daşary ýurt raýatyna işewürlik (BS1, BS2), maýa goýum (IN), işçi (WP), maşgala (FM), Sport (SP1, SP2), ynsanperwerlik (HM), hususy (PR1, PR2), talyp (ST), syýahatçylyk (TU), üstaşyr (TR1, TR2), saglygy bejeriş (HL), sürüjilik (DR) wizasyny resmileşdirmek üçin Şahsy kagyzy1 nusgada talap edilmäge degişlidir.

Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlaryna diplomatik (DP), gulluk (OF) we çykyş (EX) wizalaryny, şeýle hem Türkmenistana agyr keselli ýagdaýda bolan ýakyn garyndaşlaryny görmek, ýakyn garyndaşlaryny jaýlamak hem-de ýatlama dessurlaryny amala aşyrmak maksady bilen ynsanperwerlik we beýleki  gaýragoýulmasyz häsiýetli ýagdaýlarda hem-de daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda mejbury duran (mejbury bolýan) ýagdaýlarynda degişli derejedäki wizalary  resmileşdirmek üçin bellenen görnüşdäki daşary ýurt raýatyna işewürlik (BS1, BS2), maýa goýum (IN), işçi (WP), maşgala (FM), Sport (SP1, SP2), ynsanperwerlik (HM), hususy (PR1, PR2), talyp (ST), syýahatçylyk (TU), üstaşyr (TR1, TR2), saglygy bejeriş (HL), sürüjilik (DR) wizasyny resmileşdirmek üçin Şahsy kagyzy talap edilmeýär.

Source : www.migration.gov.tm

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady