JEMGYÝET

Türkmen dokma önümleri “Amazonda” we “Walmartda”

Türkmenistan garaşsyzlygyny gazanmak bilen öz önümlerini daşary ýurt bazaryna çykarmak mümkinçiligine hem eýe boldy. Dünýäniň öňdebayrjy pagta öndürýän ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda ýetişdirilýän pagta daşary ýurt bazaryna hem ýüplik hem-de taýýar dokma önümleri hökmünde iberilýär. Dünýäniň ençeme ýurdunda, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birŽasynda iň köp satylýan harytlaryň hatarynda dokma önümleri barýar.

Häzirki wagtda dünýäniň iň uly bölek satuw dükanlar zynjyryny emele getirýän ABŞ-nyň “Walmart” söwda kompaniýasy hem-de umumy söwda möçberi we bazar bahasy boýunça dünýäniň iň uly söwda elektron saýty “Amazon.com” şereketi Türkmenistanda öndürilýän el süpürgiçleri, matalary hem-de beýleki dokma önümlerini dünýa bazaryna ýetirýär.

Türkmen dokman önümleri “Goza” el süpürgiçleri hökmünde “Walmart”-yň hem-de “Amazon.com”-yň üsti bilen giň geografiýadaky müşderilere hödürlenýär.

“GOZA TOWELS”

“Goza” el süpürgiçleri merkezi Wirginiýada ýerleşýän kompaniýa. Bölek satuw hem-de resmi dilerlik bilen meşgullanýan kompaniýa Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli hem-de 100 göterim pagtadan taýýarlanan el süpürgiçleri, matalary hem-de beýleki dokma önümlerini ABŞ-nyň bazarynda tanyşdyrmak hyzmatyny alyp barýar. Önümler uly myhmanhanalarda we dükanlarda satylýar. Olar dürli görnüşdäki el süpürgiçleridir.

“WALMART”

ABŞ-nyň dünýä boýunça iň uly bölek satuw dükanlar zynjyrydyr. ABŞ-nyň köp sanly ştatlarynda şahamçasy bar. ABŞ-nyň “Fortune” ykdysadyýet Žurnalynyň 2007-nji sanynda “ABŞ-nyň iň uly maýa goýan 500 kompaniýasy” sanawynda dünýä boýunça iň köp girdeji gazanan kompaniýasy derejeisne eýe boldy. Kompaniýanyň dükanlarynda 2,1 million adam zähmet çekýär. 4263 şahamçasy we 660 müň işgäri bilen 15 ýurtda iş alyp barýar. Kompaniýanyň maglumatyna görä, Amerikada 3701 şahamçasy bolup, Meksika, Angliýa, Ýaponiýa, Kanada we Hytaýda şahamçalar açdy.

“AMAZON.COM”

“Amazon.com” ABŞ-nyň elektron söwda boýunça iň uly kompaniýalayrnyň biridir. Jeff Bezos tarapyndan 1994-nji ýylyň 5-nji iýulynda Sietl şäheirnde döredildi. Umumy söwda möçberi hem-de bazar bahasy boýunça dünýäniň iň uly elektron söwda saýtydyr. Adyny dünýäniň iň uly derýasy bolan Amazon derýasyndan alýar.

“Amazon.com” kitap satmak bilen bu söwda işine ugrukdy. Häzirki wagtda “Amazon”-da DVD, saz CD-si, kompýuter programmasy, kompýuter oýuny, elektronika, mebel ýaly dürli görnüşli harytlary tapmak bolýar. “Amazon”-yň ABŞ, Angliýa we Irlandiýa, Fransiýa, Kanada, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, gollandiýa, Awstraliýa, Braziliýa, Ýaponiýa, Hytaý, Hindistan, Meksika, Singapur we Türkiýe üçin aýratyn söwda saýty bar. Germaniýa boýunça döredilen saýtynda flaman, polýak hem-de türk dilleri boýunça haryt gözlemek mümkinçiligi bar.

“Amazon.com” kompaniýasy “Alexa.com”, “Goodreads”, “a9.com”, “43things.com”, “Audible.com”, IMDb we “Twitch.tv” ýaly iri internet firmalarynyň hem eýesidir.  “Amazon.com”-yň bazar bahasy 2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda 1 trillion dollara deňeçär boldy we bu ugurda “Apple”-den soňra bu derejä ýeten ikinji kompaniýa boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz yslam döwletlerine ýeke-täk energetika gurşawyny döretmegi teklip etdi

Milli Liderimiz bilen bilen Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystana bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi