DÜNÝÄ

Trampyň prezidentlik dalaşgärligi tassyklandy

ABŞ-nyň Respublikanlar partiýasy ýurduň häzirki Prezidenti Donald Trampyň şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryndaky dalaşgärligini tassyklady. Prezident Tramp ýurduň Şarlott şäherinde geçirilen Respublikanlar partiýasynyň gurultaýyna gatnaşyp, şol ýerde delegatlaryň öňünde gysgaça çykyş etdi.

– Biz saýlawlarda ýeňiş gazanmalydyrys. Bu saýlaw biziň ýurdumyzyň taryhyndaky iň möhüm saýlawlaryň biridir – diýip Tramp çykyşynda belläp geçdi.

Donald Tramp saýlawlarda ýeňiş gazanan halatynda ýokary döwlet wezipesine 2-nji möhlete saýlanýar. Bu prezidentlik möhleti ýurduň kanunlaryna laýyklykda, onuň üçin soňky möhlet bolar.

Trampyň esasy bäsdeşi Demokratlar partiýasynyň geçen hepde tassyklan dalaşgäri Jo Baýden bolar. Jo Baýden ýurduň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň döwründe wise-prezident wezipesini amala aşyrypdy.

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi