DÜNÝÄ

Tom Kruz Pariž Olimpiadasynyň ýapylyş dabarasynda çykyş eder

Fransiýanyň paýtagty Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Fransiýanyň iň abraýly baýragy “Légion d’Honneur” (“Hormatly legion”) baýragyna mynasyp bolan Golliwudyň meşhur aktýory Tom Kruz Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna taýýarlyk görýär.

Käbir metbugat habarlaryna görä, Tom Kruz Pariž Olimpiadasynyň ýapylyş dabarasynda paraşýutly bökmegi meýilleşdirýär. Taýýarlanýan maksatnama görä, Tom Kruz 11-nji awgustdaky ýapylyş dabarasynyň çäklerinde 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiljek Olimpiýa oýunlary üçin Olimpiýa baýdagynyň gowşuryljak pursatynda stadiona paraşýutly gelip, bu baýdagy kabul edip alar.

62 ýaşyndaky tanymal aktýor Tom Kruz ýörite taýýarlanan uçardan böküp, “Golliwud” ýazgyly ýere gonar. Bu täsir galdyryjy sahna, dabaranyň ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri bolar.

Bu täsin pikir Tom Kruza degişlidir. Kruzyň bu pikiri Halkara Olimpiýa komiteti bilen paýlaşyldy hem-de makullandy.

Related posts

Stambullylar üçin hoş habar: gije gämi gatnawlary başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNOPS arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi