JEMGYÝET

Töleg kassasy bolmadyk iň uly dükan

“AiFi” atly awtonom bölekleýin programma üpjünçiligi Hytaýyň Şanhaý şäherinde dünýäde iň uly dükanyny açdy. Takmynan 370 inedördül metrlik dükanda 200 sany akylly kameralar ulanylýar, şonuň üçin alyjylaryň pul tölemek üçin kassa barmak hökman däl.

“Adamlar söwda merkezine girip, islän zadyny alyp, wagt ýitirmezden dükany terk edip bilerler” diýip, “AiFi” awtonom bölekleýin programma üpjünçiliginiň ýolbaşçysy Stiw Gu belleýär.

Şeýle hem Stiw “Amazon Go” dükany bilen Hytaýda açylan dükanyny deňeşdirdi. “Amazon Go” dükanynda müşderiler awtonom ulgamy ulanýarlar we dükana girmek üçin QR koduny skanirleýärler. “AiFi” awtonom programma üpjünçiliginde bolsa müşderiler hiç zat etmek zerury bolup durmaýar. Girişlerdäki oturdylan enjamlara diňe bir telefon programmasyny görkezmek ýeterlikdir bolýar diýip, Stiw Gu nygtap geçýär.

Şanhaý şäherinde açylan dükanda akylly kameralar müşderiler tarapyndan satyn alnan we galdyrylan önümleri kesgitleýär we wirtual sebetleriň awtomatiki täzelenmegine mümkinçilik berýär. Müşderiler dükandan çykanlarynda, programma arkaly olara sanly kwitansiýa iberilýär. Şeýle-de bolsa, Gu diňe kamera çözgüdine geçmegiň, dükandaky işgärlerine çykdajylaryny 60% göterim azaldyp biljekdigini aýdyp we pandemiýanyň döremegi bilen awtonom bölek satuw islegini çaltlaşdyrandygyny hem nygtap geçdi.

 

Bill Geýts “Android” ulgamly telefonlary ulanýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri