BIZNES

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň yza süýşürilmegi takmynan 2,7 milliard dollar bolar

Şu ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan Olimpiýa oýunlary koronawirus sebäpli 1 ýyl yza süýşürildi. Ol hem birnäçe ýüz million goşmaça çykdajyny öz ýany bilen ýetirdi.

Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) ýolbaşçysy Tomas Bah Germaniýanyň “Frankfurter Allgemeine Zeitung” neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi. Onuň bellemegine görä, tomusky Tokio Olimpiýa oýunlaryny geçirmegiň umumy bahasy takmynan 2,7 milliard dollar bolar. Ozal 2020-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny guramak üçin takmynan 12,6 milliard dollar sarp edilmegi meýilleşdirilipdi.

Tomas Bahyň pikiriçe, sport ýaryşynyň yza süýşürilmegi Halkara Olimpiýa Komitetiniň birnäçe ýüz million dollar ýitirilmegine getirer. Öz teswirinde şeýle diýdi: “Bu ýagdaýda ýokançlygyň ýaýramagy sebäpli iň ýönekeý çözgüt Oýunlardan ýüz öwürmekdir, ýöne bu müňlerçe türgeniň we janköýerleriň arzuwyny puja çykarar. Şonuň üçin oýunlar bir ýyl yza süýşürildi, bu bolsa Halkara Olimpiýa Komitetine we Oýunlaryň guramaçylyk komitetine goşmaça çykdajylar getirýär”.

Uly göwrümli sport çäresiniň yza süýşürilmegi sebäpli sportda iň uly dünýä çempionatlarynyň senesi üýtgedildi. Hususan-da, Bütindünýä ýeňil atletika ýaryşy bir ýyla yza süýşürildi we 2022-nji ýylda geçiriler.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri