JEMGYÝET

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

TMCARS saýtynyň türkmen we rus dillerinde habar bermegine görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, “Makul Anglo-Türkmen sözlügi” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edildi we häzirki wagtda Amazon platformasynda satuwa çykaryldy.

Täze sözlükde 16 500 iňlisçe söz we olaryň on müňlerçe türkmen dilindäki terjimeleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, sözlük hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ýöriteleşdirilen ugurlaryň terminlerini hem öz içine alýar.

Maksat we baş redaktor

TMCARS habarda belleýşi ýaly, neşiriň maksady — okuwçylara, talyplara, terjimeçilere, hukukçylara, ykdysadyýetçilere, lukmanlara, IT hünärmenlerine we halkara gatnaşyklara gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin peýdaly sözlük gollanmasyny döretmekden ybaratdyr.
Sözlügiň baş redaktory — hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow.

Halkara baha

Kitabyň öňsözünde dünýäniň öňdebaryjy alymlary we ýolbaşçylary öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

  • S. Frederik Starr (Amerikanyň Daşary Syýasat Geňeşinde Ýewraziýa boýunça tapawutlanan alym, Jons Hopkins uniwersitetiniň professory) sözlügiň “Türkmen diliniň halkara derejesinde öz mynasyp ornuny almagyna” mümkinçilik berýändigini belläp, ony “diller arasyndaky möhüm köpri” diýip häsiýetlendirdi.
  • Erik Stýuart (ABŞ–Türkmenistan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory) bolsa şeýle belledi: “Açyk aragatnaşyk söwdanyň we maýa goýumlaryň esasydyr. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder.”

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler