ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Tirkiş Jumageldiýew: öwrenmek üçin okamaly

Telefon belgisini ahyry tapdym. Şahyr Allaýar Çüriýewden aldym. Şonda oňa:

— Allaýar aga, siz ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew hakynda gürrüňem berip bilersiňizmi? — diýdim.

— Elbetde. Kimdir biri hakynda aýdyljak bolsa, «ýolda ýoldaş bolduňmy?»  diýilýär. Tirkiş Jumageldiýew bilen ýolda ýoldaş boldum. Köp ýyl bile işledik. Onuň bilen razwedka bile gideňde-de, ynamdar adam. Ikiýüzli däl. Öz pikirini ýüz görmän aýdyp bilýän, gönümel häsiýeti bar. Zehinli ýazyjy, düýpli pikirlendirýän ençeme gowy eserleriň awtory. Bir topar eserleri bar. Publisistika güýçli. 1987-nji ýylyň 11-nji maýyndan 1990-njy ýylyň 11-nji maýyna çenli «Edebiýat we sungat» gazetinde baş redaktor boldy. Şonda men gazetiň jogapkär kätibidim. Baş redaktor döwründe gazetiň tiražy ýüz müňden geçdi. Iň şüweleňli okalýan gazet boldy. Tirkiş aganyň gowy häsiýetleriniň ýene bir aýratynlygy bar. Ol özüne garşy durup ýamanlyk eden adam bolsa-da, onuň zehini bar bolsa, ýazýan zatlaryna göwni ýetse, aňryk itme häsiýeti ýok. Zehinine sarpa goýup bilýär. Ýogsa ol kim bolaýsyn, göwnüne laýyk görmese, çekinmän soňky aýtjak sözüni öňürti aýdýar. Halk arasynda «Gummadyň toýy ýaly» diýen gürrüň bardyr. Eşidensiňem. Şol gahryman onuň «Tüssesiz ot bolmaz» eserine surata düşürilen filminiň gahrymany.  Kinostudiýada işledi, kän ssenarilerine filmler surata düşürildi. Köp filmlere redaktorlyk etdi. Ýurdumyzyň teatrlarynda on-onki pýessasy sahnalaşdyrylýar. Ol öz döwründe döwrüň wawwaly meseleleri hakynda ýiti eserleri bilen çykyş etdi. «Ýanan gelinler» döwrüň sesine ýiti seslenen eserleriniň biri. Ene topragy aýawly saklamak bilen bagly döreden «Bagrymyzyň badaşany» atly eseri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ol gorkmazak, ürkmezek öz pikirini aýdyp bilýär. Käte iş otagyna girenimde, ýokary ýolbaşçylar bilenem telefonda bir zadyň üstünde jedelleşip oturanyna gabat gelýärdim. Onuň bilen bir gezek obamyza —  Könekesire gitdik. Kakam bilen tanyşdyrdym. Şonda Saparmyrat aga diýen obadaşymyzyň ýanyna-da äkitdim.  Saparmyrat aga beýik depäniň ýokarsyna çenli turba çekdirip, skwažina gurduryp şeýle bir bag-bakjalar ýetişdiripdir. Her dürli miweli baglary tokaý ýaly ösdüripdir. Tirkiş aga şonda ol ýaşulynyň yhlasly zähmetine haýran galdy. Onuň bilen gürrüňdeş boldy. Saparmyrat aga oňa: «Eger meniň hususy ýekeje traktorym bolan bolsady, onda bir özüm tutuş Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň bir ýyllyk iýjek kartoşkasyny üpjün edip biljek» diýdi. Soň onuň ýurdumyzyň oba hojalygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň birine bu barada jaň edip aladalanyp oturanyny eşitdim. Ol elinden gelse halal zähmet çekýänlere, kömege mätäçlere ýardam edesi gelýän adam.

Soň ýene bir gezek onuň bilen Atamyrat Atabaýewem ýanymyza alyp, üç bolup Etrege gitdik. Aýjemal çeşmäni gördük. Magtymgulynyň goşgusynda «Naýbadaýdyr ýoluň seniň» diýip tarypy ýetirilýän ýerde surata düşdük. Tirkiş Jumageldiýew bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde geçirilen duşuşyklara gatnaşdyk — diýip gürrüň berdi.

Jaňlaşmazdan öňürti Tirkiş aga hakynda ýene biraz maglumat gözledim. Sebäbi onuň bir topar kitaplarynyň atlaryny bilýän, ýöne ýalan sözlemäýin, entek bir eserinem okamandym. «Onda näme üçin ýazjak bolýa-ka?» diýilmegi mümkin.

Bir gün işden gelýärdim. Ýolda Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow sataşdy. Obadaşymyz bolansoň, hal-ahwal soraşdyk-da:

— Annadurdy däde, bärläpsiňiz-le? — diýdim.

— Gowy görýän dostum Tirkiş Jumageldiň ýanyndan gelýän. Aý, ol öte sowatly, üýtgeşik ýazyjy. Arman oňa köpimiz dogry düşünemzok. Oňa dogry düşünmegimiz gerek — diýip, başyny ýaýkap-ýaýkap awtobusa mündi.

Ulagyň içinde gürrüň edip oturmadyk, ýöne onuň sözleri Tirkiş aganyň döredijiligi hakynda gyzyklandyrdy. Ondan bäri kän ýyl geçdi. Arada şahyr Bahargül Kerimowa bilen gürrüňdeş bolduk. Birden Tirkiş aga ýadyma düşdi. Deň-duşrak bolansoňlar ondan:

— Gelneje, belli ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew hakynda makala ýazmak pikirim bar welin, siz ol hakda nämeler bilýäňiz? — diýip soradym.

— Tirkiş Jumageldiýew şeýle bir hakykatçyl, dogruçyl, öz sözüni aýdyp bilýän ýazyjy.

Soňra başga-da deň-duş kärdeşleriniň käbirlerine jaň etdim. Olaryň hemmesem Tirkiş aganyň döredijiligine gaty uly baha berdiler. Oňa hormat goýýandyklaryny aýtdylar, ýöne aýdýan gürrüňleri bir meňzeşräk bolansoň, makalada gaýtalap durmadym. «Birden söhbetdeşlige barsaň köp salam aýt!» diýip, Tirkiş agalaň öýlerini çen bilen salgy berdiler. Onda-da ýaşuly adam bolansoň, saglyk ýagdaýy hakynda pikir edip, birbada öýüne barmaga ýaýdandym. Ahyry ýoldaşym: «Salgy berilýän ýerde öýleri bolsa, tapmaz ýaly däl. Obadaşymyz Toýçy dädeleň öýleriniň ýany, belki, olaň goňşularydyr. Öňräk Toýçy dädäň aýatyna baramda-da, Tirkiş agany daşrakdan gördüm. Tüweleme, ýagdaýy erbet däldi» diýdi.

Onsoň oňa jaň aýladym. Özümi tanyşdyrdym. Söhbetdeşlige barmak pikirimiň bardygyny aýtdym. Agras türkmen ýaşulusy. Söhbetdeşlige döwtalap bolmady. Biraz durdy-da:

— Men hakda näme bilýäň? — diýdi.

— Enteg-ä üýtgeşik bilýän zadym ýok. Ýüzbe-ýüz diňläp, indi öwrenmekçi. Ýoldaşym bilen myhmançylyga barsak kabul edersiňiz-ä?! — diýip jogabyna garaşdym. Birbada sesini çykarmady. Ahyry:

— Haçan gelmekçi? — diýip sorady.

— Kabul etseňiz, şu günem bolsa barjak — diýdim.

— Onda sagat üçe geläýiň. Zerurlyk ýüze çykmasyn, ýöne birden işiňiz çykyp gelip bilmejek bolsaňyz, jaň edip aýdyň — diýdi.

Irräk öýden çykdyk. Bir sagat öň barypdyrys. Öýüne girmän, ýarym sagat daşarda garaşdyk. Yssy howa ýakyp barýa. Onsoň gapylarynyň jaňyny basdyk. Ýaşuly gapyny açdy. Bizi tananok, ýüzümize seredip durdy. Düşündirdim.

— Sagat üçe gepleşipdig-ä — diýdi.

—Ýörite ulagymyz bolmansoň, «garaşdyrmaly» diýip ir gaýtdyk. Indem kabul etmän kowsaňyz gaýdybereris —diýdim.

Gülüp:

— Kowup bolasy ýok-la, ýöne men sagatly işlemegi endik edipdirin. Mazaly öýdekäm geldiňiz — diýdi.

Ýaşulynyň maşgalasy Bike gelneje mähir bilen garşy aldy. Kitap tekjesiniň öňünde foto suratlar, diwarda Tirkiş aganyň portret suratlary, tebigat gözellikleri şekillendirilen nakgaş eserleri bar.

— Tirkiş aga, şu suratlaryňyzdan käbirlerini telefona surata düşürsek bolarmy? — diýdim.

— Bolar-bolar — diýip başyny atdy. Soňra stoluň başynda jemlendik. Galam-kagyzymy çykaryp endigime görä, sowallar berip bellik etjek boldum.

— Goý galam-kagyzyňy. Entek sen-ä men hakda bileňok, menem sen hakda. Käbir zatlary gürrüň bereýin diňle! — diýdi.

Terjime halyny soradym 1938-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda doglandygyny aýtdy-da:

— Terjimehalym hakynda-da, kitaplarym hakynda-da internetde bardyr — diýdi.

— Näçe çagaňyz bar? — diýip ýene sowal berdim.

— Üç oglumyz, dört agtygymyz bar. O zatlar hakda hökman däl, bellik edip oturma! — diýdi.

Içimden: «onda näme hakda ýazmalykam?»  diýip dymyp otyryn. Tirkiş aga-da ýoldaşym bilen gürrüň edip azaryna-da däl. Gaharym gelýä. Öz-özüm ýoldaşyma seredip: «seni öýde-de diňläp bilýän. Jokrama yssy howada Tirkiş agany diňlemäge geldim» diýip sessiz düşündirjek bolup dişimi gysýan. Birden Tirkiş aganyň taryhda türkmen döwletiniň düýbüni tutan Gaýgysyz Atabaýewe bagyşlap ýazan kitaby bilen bagly aýdýan gürrüňine ukudan oýanan ýaly boldum.

— …Bu iş taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň taryhyndan ençeme okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň awtory Kakajan Muhammetberdiýewe ynanyldy, emma ol: «Bolýa» diýdi-de, wagty bilen ýazmady. Ahyrynda-da ol agyr kesele uçrady.Ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny aňdym. Onsoň ýanyna baryp: — Kakajan aga, saglyk ýagdaýňyza düşünýän. Şonuň üçin ikimiz bir zat maslahatlaşaly.  Kyn görmeseňiz, Gaýgysyz Atabaýew bilen bagly bilýänlerňizi gürrüň berseňiz, menem sesiňizi ýazgy etsem — diýdim. Razy boldy. Şeýdip ol ýedi gije-gündiz gürrüň berdi, menem sesini ýazgy etdim. Ýazgyny doly ýazyp bolduk welin: «Tirkiş jan, sen maňa oglumdanam ýakyn bolduň. Oglumyň bitirmedik işini etdiň. Bilýänlerimi özüm bilen alyp giderin öýdüp gaty alada etdim. Köp sag bol» diýdi. Üç gündenem dünýeden gaýtdy. Soň men onuň aýdan ýatlamalaryny ses ýazgysyndan kagyza geçirdim. Maglumatlary aýdyşy ýaly üýtgetmedim, diňe sözlemleriň sazlaşygy üçin redaktirledim. Şeýdibem kitap çap boldy. Kitabyň soňunda Kakajan aga ýazan gynanjym bar — diýip gürrüň berdi.

Tirkiş aga diýseň ýiti duýgur ýaşuly eken. Maňa üns bermeýän ýaly otyrdy emma, şol ýatlamasyny aýdansoň, ünsümiň özüne gönügendigini bildi.

— Ýörüň kitaplarym bilen tanyşdyraýyn — diýip, öýündäki iş otagyna eltdi. Kitap tekjelerde hatar duran kitaplara elini uzadyp: «Şu hatardaky kitaplar özümiňki» diýip, kyrkdan gowrak kitabynyň on bäş dilde neşir edilendigini aýtdy. «Gara ýyldyrym» atly kitaby otuz bäş müň tiraž bilen «Bagrymyzyň badaşany» atly kitaby iki ýüz müň tiraş bilen çap bolupdyr. Şonda Gökdepäniň kitap dükanyna baranymda: «Tirkiş aga, bir müň bäş ýüz kitap bize azlyk edýär. Eýýäm satyp gutardyk, ýene-de iki müň sany kitap gerek» diýdiler. Aşgabada gelsem bu ýerde-de kitabym satylyp gutaran eken» diýdi.

Ýaşulyny ýadadyp durman gaýtmakçy bolduk. Ýoldaşym:

— Tirkiş aga, kitaplaryňdan bize birini bir ýazgy ýazyp ber-dä!» diýdi. 1994-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan «Merwden Mekgä çenli» atly kitabyny ýazgy ýazyp berdi. Hoşlaşyp turjak bolanymyzda Bike gelneje hakynda-da gyzyklandym. Bike Kulyýewna 1960-njy ýylda Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Şol ýyldan başlap uniwersitetde talyplara rus dilinden sapak berip biregne şol bir ýerde işleýär. 1992-nji ýylda-da hormatly dynç alşa çykýar. Sagbollaşyp gapa tarap ýörämizde Bike gelneje mähir bilen egnimden sypap: «Janym, bize ýene-de gelersiňizmi? Eger geljek bolsaňyz öňünden jaň edäýgin!» diýdi. Onuň bu sözleri näme üçindir diýseň tolgundyrdy hemem oýlandyrdy.

Öýe gelenimizden soň biraz dem-dynç alyp, Tirkiş aganyň beren kitabyny elime aldym. Endigime görä, ilki bilen kitabyň soňky sahypalaryny gözden geçirdim. «Dostlarym, deň-duşlarym» at bilen «Italmaz», «Gurbansähedowiç» hemem «Gylyç Mämmedowiç» atly ýatlamalary bar eken. Özüme ýakyn ugur bolansoň derrew okadym. Biri-birinden täsirli ýatlamalar, ýöne şondaky: «Gurbansähedowyň gowy häsiýetleriniň biri-de akylly söze, galamdaşlarynyň zehin bilen ýazylan eserlerine guwanyp bilýänligidi. Özüni duşman tutunyp ýören adamyň biri şowly eser döredäýse, köpüň öňünde: «Pylanyň eserini okadym welin, walla, men-ä gowy gördüm» diýip guwanç bilen aýdyp bilýärdi. Nätanyş bir ýaş awtoryň eseri göwnünden turaýsa, begenjini içine sygdyryp bilmän, gijäniň bir mahalam bolsa öýüňe til edäýerdi: «O ýigit bilen menem tanyşdyrsaňyz-la» diýerdi…» diýen jümlesi bilen başlamakçy. Bile işleşen kärdeşleri Tirkiş aganyň özünem şu hili häsiýetlendirdiler. Bu hili häsiýet her kim üçinem beýiklik, ýöne hemme adamda ýok. Öz şahsy dürmuşymda-da gabat geldim. Sähelçe pikirimi aýdanym üçin, «Diňe öz aýdýanym dogry» diýip, ýerliksiz kösän käbir redaktorlar bilen işleşemde başymdan geçdi. Kitaby okap hem-ä ýatlanýan adamlary hemem awtoryň özüni öwrenip bolýar. Sebäbi awtor şaýat bolan pursatlarynyň üsti bilen çeper suratlandyryp beýan edensoň, kimiň nähili häsiýetli bolandygy görnüp dur. Esasan-da göwnüme ýaran tarapy, ýazylan ýazgylar ýöne bir setir-setir ýürege düşgünç sözlemler däl. Düýpli oýlandyrýan pikirler bar. Aýdylýan taryhy wakalara taryhçy bolmasaňam olar hakda öz pikiriňi paýlaşasyň gelýär. Iň esasy ýeri awtor okyjyny okamaga höweslendirýär. Hem-ä öz eserlerini, hemem ýatlaýan adamlaryny öwrenmäge gyzyklanma döredýär. Söhbetdeşlige baranymda ol gaýta-gaýta: «Kagyz-galamyňy goý, bellik etmek gerek däl» diýende birbada birhili gördüm, ýöne indi öwrenmek üçin eserlerini okamalydygyma göz ýetirdim. Kitapdaky makalalaryň ählisem bir mahal metbugatda çap bolupdyr. Näme üçin öň olaň ýeke birini hem okamandygyma haýran galýan. Onuň döredijiliginiň üsti bilen pikirimi beýan etmek üçin ýatlamalaryndan käbir bölegi göçürip aldym. Tirkiş aganyň Moskwada ýazyjylaryň döredijilik öýünde bolup geçen bir pursat hakynda ýazan ýatlamasyndan:

«—Tirkiş, Italmaz-a ähli alanja gonoraryny kül etjek, SDL-iň ýalýagylary töwereginde, nätmeli bolar? — diýdi.

— Zerur pul gerek diýde müň manady al elinden, eltibem poçta bilen öýlerine ugrat — diýdim.

Eger Atajan (Tagan) meniň diýenimi etmedik bolsa, şol gün Italmaz ähli galam hakyny edebiýatçylaryň merkezi öýüniň restoranynda gurt etjek ekeni. Bizem muny Italmazyň zadyny gysganyp etmändik, onuň gazanjyna birgiden çaganyň göz dikip oturandyklary üçin şeýdipdik. Ol bize düşünýärdi, minnetdarlyk sözünem aýdýardy. Kalbynyň açyklygy ýaly, Italmazyň elem açykdy».

Şu ýazgyny okap oturşyma: «Nähili ýüregi arassa adamlar. Dosta wepaly, onuň maşgala agzalarynyň aladasyny edip, sypaýçylykly hereket edişleri haýran galdyrdy» diýip, beýleki makalalaryny okadym. Ynha, bu parça onuň ýazyjy Gylyç Kulyýew hakynda ýazan ýatlamasyndan. Men Gylyç aganyň ilçi bolup işländigini şu ýatlamany okanymda bildim. «Altmyşynjy ýyllaryň başynda Gylyç Mämmedowiç SSSR-iň Tunis Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary Ygtyýarly Baş ilçisi bolup işläp ýörkä, ýaşuly rus adamy özüni ilçiniň kabul etmegini soraýar. Gylyç Mämmedowiç kabul edýär. Watanyndan ömürlik aýra düşüp, ýat ülkelerde durmuş ýoluny ahyrlap barýan betbagt adamyň ahmyrly gürrüňine takat bilen gulak asýar.Ýaşuly adam başdan geçiren ahwalatlaryny jikme-jik ýazypdyr. Ol ýazgy umumy depderiň otuza golaýyny doldurýar. Emigrant şolary sowet ilçisine berýär. Gylyç Mämmedowiç bu depderleri juda aýawly saklaýardy. Olary soýuzyň  dürli ýerlerinden gelenlere görkezýärdi. Bu maglumatlaryň esasynda dogduk mekanyndan jyda düşen adamlaryň tragediýasyny görkezýän uly eser ýazmakçydygyny aýdardy. Ol şeýle ykbally adamlara Eýranda, Owganystanda, Tunisde işlände iňňän köp sataşypdy, olaryň derdine beletdi. Emma gyzykly materialy çeper esere geçirmäge howlukmandy. Muny iki sebäp bilen düşündirse bolar — diýip, pikirini beýan edýär.

Gylyç Kulyýewiň Eýranda ýaşaýan türkmen taýpalarynyň ýerleşişini jikme-jik görkezýän kartany düzendigini ýazypdyr. Ol hakda-da entek eşitmändim. Ynha, şular ýaly türkmen halkymyzyň taryhy bilen baglanyşykly täsin faktlar, ahwalatlar, dürli pikirler, gyzykly sowallar okyjylary hakykatdan-da biparh goýanok. Tirkiş aganyň on dört kitaby Moskwada terjime edilen. «Altmyşynjy ýyllaryň aýagynda «Ömür dawasy» powestimi respublikamyzda çap edilmänsoň «Družba narodow» žurnalynda rus diline geçirip çykarypdyrlar. Gurbansähedowiç žurnalyň täzeje sanyny waraklap oturşyna:

— Eýsem-de bolsa, siz bagtly nesliň adamlary, walla, size gözüm gidýä! — diýdi.

— Bu taýda çap etmäge gorksalar, Moskwa hödürläýmeli. Bu mahala çenli biz Moskwadan gorkup gezdik. Aý, hawa-da, Orsýet bir giň ýurt, gowy adamlaram tapylyp dur,  şoňa-da şükür etmeli» diýen ýazga gabat geldim.

Kitapdaky makalalaryň haýsy birini öňürti okajagymy bilmän, soňundaky mazmunyna seretdim. «Omar Haýýam serhoş adammy?» diýen sözbaşyly makalany okadym. Öň onuň rubagylary hakda başgaça pikir edýärdim. Tirkiş aganyň makalasyny okamsoň, oňa garaýşym hasam ýokarlandy. Soňra «Daýhançylygy kim başlapdyr?», «Daýhançylyk hem ýazyjylyk» atly makalalaryny okadym. «Mekge — Medineden soňky oýlanmalar»-yny okab-a hasam gözlerim açyldy. Asyl Tirkiş aganyň mukaddes Käbä zyýarata gidip gelendigindenem habarymyz ýok. Gijem bolsa kabul bolsun! Onuň bu makalasyny okap «ähli aýdýany hakykat» diýip içimi gepletdim-de, «Bu nähili keteni bolýar?» atly makalasyny okadym. Bu makalany agam Aşyrberdi Kürtüň «Biler bolsaňyz» atly kitabynda ýazan «Keteni» atly makalasy bilen deňeşdirdim. Ikisiniňem makalasy biri-birinden täsirli, özboluşly hem gyzykly. Makalasyny okadygymça Tirkiş aganyň ýagdaýyna azda-kände düşünip başladym. Her makalasyndaky baý hem anyk maglumatlary öwrenmek üçin ol gör, näçe kitaplary okap, ýazuw çeşmeler bilen deňeşdirendir. Munuň üçin ol juda kän okaýandyr. Okamak üçinem wagt iň gymmatly zat. Takyk sagatly hereket etmegine göz ýetirmek üçin diňe onuň kitaplaryny okaýmaly eken. Häzirlikçe men onuň bary-ýogy ýekeje kitabyny okadym. Öz ýanymdan: «Tirkiş aganyň ylmy derejelerem bardyr. Ol diňe ýazyjy bolman, ylymlaryň doktory, professordyr» diýip pikir etdim. Kitabynyň ahyrky sahypasynda onuň okyjylara ýüzlenip ýazan ýazgysy-da bar eken.

«Halkyň taryhy bilen bagly çeper eser ýazjak bolsaň birgiden kitap okamaly bolýar. Täsin-täsin faktlaryň üstünden barylýar. Olar geçmişi göz öňüne getirmekden ötri, dürli pikirleriň, gyzykly sowallaryň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Okap otyrkaň seniň ünsüňi bent eden faktlary başga bir adamyň bilmeýän bolmagy ähtimaldyr ýa-da seniň seriňe gelýän sowallara ýene biriniň has anyk jogap tapmagy mümkin.Taryh hemmelere degişli. Şu jähetden okalan kitaplar bilen bagly özüme geň görnen faktlary, şolaryň esasynda dörän sowallarymy, belli bir derejede olara jogap hökmündäki pikirlerimi, çaklamalarymy size hödürlemekçi bolýaryn. Eger meniň tagallam geçmişi, durmuşy bilmäge siziň kalbyňyzdaky höwesiň artmagyna sähelçe itergi berip bilsedi, monça bolardym. Meniň ýazgylarymy ýörite ylmy iş hökmünde kabul etmäň, olara okalan kitaplaryň sahypalaryna edilen bellik hökmünde garaň. Olardan ylma laýyk yzygiderliligi hem talap etmäň, men alym däl, men ýazyjy. Meni gyzyklandyran taryhy hem durmuşy zatlar sizi-de gyzyklandyrar diýen ynanja gulluk edýärin» diýip ýazypdyr.

Hemme zat düşnükli. Asyl Tirkiş aga-da agam ýaly ada, zada kowalaşman diňe öz pikiri bilen hakykata hyzmat eden erkin pikirli ýazyjy eken-ä» diýip oýlandym. Onuň makalalarynyň arasynda «Hakykatda çeper edebiýatyň wezipesi jemgyýetiň öňünde ägirt sowallary keserdip goýmakdyr, şol sowallara jogap tapmagyň zerurdygyny duýdurmakdyr» diýen jümlesi bar. Men onuň makalalaryny okap ýazýan eserlerinde aýdýan pikirlerine durmuşda-da eýerip ýaşaýandygyna göz ýetirdim. Onuň öz pikiri bar. «Dost-duşmansyz ýaşamak mümkin däl-ä. Diňe durmuş pozisiýasy, anyk pikiri bolmadyk adamlarda duşman bolýan däldir. Onsoňam wezipede işläp, hemmä deň görünmek, işiň aladasyny edýän adama hiç mahal başartmaz» diýen pikirdäki ýazyjy. Erkin pikirli adamlaryň gönümel häsiýetine belet bolamsoň, ýazan makalama onuň näme diýjegini bilemok. Belki, göwnüne ýarar, belki-de ýaramaz… Ýaýdanyp, çekinip dursaňam hiç zat öwrenip bolanok. Ýene bir zady aýdaýyn. Tirkiş aga bize beren kitabynyň nähili ýagdaýda ýazylandygy hakynda şeýle gürrüň berdi:

«Ýakyn dostlarymyň biri kompozitor Çary Nurymowa taryhy wakalardan bilýänlerimi gürrüň berdim. Bir gün ol: «Tirkiş, şu aýdýan gürrüňleriňi ýazsana. Bizem bilemzok, çagalarymyzam bilenok. Geljekde nesiller okar ýaly kitap ýaz!» diýdi. Şeýlelik bilen kitap taýýarladym. Soň kän ýyl geçdi, köp maglumatlary öwrendim. Türkmeniň taryhy bilen bagly öwrenen maglumatlarym bilen has aňryk bäş-on asyr gitdim. Şeýdip täzeden «Kökler» ady bilen uly göwrümli giňişleýin kitap ýazdym» diýip gürrüň berdi.

Öňräk Türkmenistanyň halk artisti kinorežissýor Osman Saparow bilen söhbetdeşlik taýýarlanymda ol Tirkiş aga bilen Mary şäherindäki 6-njy orta mekdepde bileräk okandygyny, hemem onuň döredijiligine uly hormat goýýandygyny aýtdy.

Görnükli ýazyjy Tirkiş Jumageldiýewiň her bir eserini okamak bilen köp zat öwrenip boljak. Umuman, ýazyjynyň döredijiligi, durmuşy hakynda azda-kände tanyşdym, indi çynlakaý öwrenmek üçin onuň beýleki eserleri okamaly.

Akgül Saparowa.

 

 

 

Ýene-de okaň

Öwezdurdy Nuryýew: okatmadyk bolsa-da mugallymym

Ata Watan Eserleri

Ogulbaýram Kulyýewa: Diýar gözelliginiň aýdymçysy

Ata Watan Eserleri

Amangeldi Amanow: uçgunjyk bar jigimde…        

Ata Watan Eserleri

Medeniýet Şahberdiýewa: meniňki ýaly güýçli ses ýokdur

Käbe Borjakowa: halallygy baýdak edinen alym mugallym

Hajy Kakalyýew: «On ýedimiň bahary»-ny gözleýän