SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: täze ýylyň ilkinji ýörite gatnawy

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna berlen maglumatyna görä, kompaniýa Täze, 2022-nji ýyldaky ilkinji halkara ýörite gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň täze ýyldaky ilkinji ýörite gatnawy 4-nji ýanwarda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýerine ýetiriler.

Bilşiňiz ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty koronawirus pandemiýasynyň başlamagy bilen halkara uçar gatnawlarynyň togtadylmagyndan soňra ýola goýlan ýörite gatnawlar barada yzygiderli habarlary okyjylar köpçüligine ýetirmegi dowam etdirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy 2021-nji ýylyň dowamynda Stambul-Aşgabat-Stambul, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul hem-de Stambul-Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ençeme ýörite gatnawlary amala aşyrdy.

Bu ýörite gatnawlar arkaly Türkiýede bilim almak mümkinçiligine eýe bolan türkmen talyplary hem Türkiýe Respublikasyna gitdiler.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty hökmünde 2022-nji ýylda hem amala aşyryljak ýörite gatnawlar baradaky habarlary yzygiderli okyjylar köpçüligine ýetirmegi maksat edinýäris.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus pandemiýasy döwründe Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy bilen bir hatarda Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy ýörite gatnawlary amala aşyrdy.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy 2020-nji ýylyň martyndan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 32 sany ýörite gatnawy amala aşyrdy. Bu gatnawlaryň agramly bölegi Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirildi.

Biz mundan sonra halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary “Atawatan TW Youtube” kanalymyzda hem yzygiderli ýerleşdirmegi meýilleşdirýäris.

Iňlis nakyllary Türkmen dilinde : Makul Sözlük

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy