TEHNOLOGIÝA

“Tesla” 2026-njy ýylda robotlaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýar

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Ilon Maskyň esaslandyran “Tesla” kompaniýasy 2026-njy ýylda robotlaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Amerikanyň bu kompaniýasy 2025-nji ýyldan adampisint obotlaryny ulanyp başlar we 2026-njy ýylda köpçülikleýin önümçilige başlamagy meýilleşdirýär. Kompaniýa bir roboty 20 müň dollardan pes bolan bahadan satmak isleýär.

“Tesla” kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri şeýle robotlaryň önümçiliginiň üstünde iş alyp barýar. Olaryň çylşyrymly wezipeleri amala aşyryp biljekdigi, adam güýjüniň ýetmezçiliginiň öňüni almaga we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredip biljekdigi bellenildi.

Şu ýylyň martynda Ilon Mask özleriniň “Optimus” robotyny wideoýazgylaryny ýaýradypdy. Aprel aýynda bolsa, bu robotlaryň şu ýyldan başlap, zawodlarda işläp başlajakdygyny mälim edipdi.

Ýene-de okaň

Gündogar Afrikanyň ilkinji robotly kafesi açyldy

Täze “iPhone” 10-njy sentýabrda tanyşdyrylar

“iPhone 16 Pro” Hindistanda öndüriler

“Apple” – iň gymmat tehnologiýa kompaniýasy

Gazagystan bilen Hytaý Aýda stansiýa gurar

Dünýäde ilkinji “emeli intellekt alymy” Ýaponiýada işlenip düzüldi