TEHNOLOGIÝA

Telefonmy ýa-da fotoapparat?

Hytaýyň soňky ýyllardaky dünýä meşhur “Xiaomi” kompaniýasy smartfonlar dünýäsine täze önüm getirmegi maksat edinýär. Obýektiw dakylýan aýratynlygy bolan “12S Ultra Concept” smartfon tanyşdyryldy. Ol samrtfonmy ýa-da fotoapparat?

Ine, şu sowal köpleri gyzyklandyrdy. Smartfon dünýäsiniň iň möhüm kompaniýalarynyň biri bolan “Xiaomi” özüniň öndürýän enjamlarynyň kamerasyna aýratyn ähmiýet berýär. Kompaniýa enjamlarynyň kameralarynyň  dury hem-de has ýokary hilde surat we wideo almagy üçin dünýä belli “Lecia” şereketi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Hytaýyň kompaniýasy täze öndüren smartfonyna edil fotoapparatlarda bolşy ýaly, obýektiw dakmak aýratynlygyny girizdi.

Häzirki wagtda kompaniýanyň tanyşdyran bu smartfony synag önümidir. Kompaniýa geljekde hem smartfon hem-de fotoaparat hökmünde ulanyp boljak enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Telefonyň çykdajysy 40 müň dollardan geçendigi mälim edilýär.

 

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler