ATAWATAN ESERLERİ

Täze sowgatlar: Bäsleşik şu gün jemlenýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnan  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň nobatdakysy şu gün  jemlenýär. Bäsleşik boýunça ýeňijileri şu gün yglan ederis.

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti: Türkiýedäki talyplara baýraklar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Söýgi – durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigimize 165 eser hödürlendi. Diňe ýurdumyzdan däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda bilim alýan raýatlarymyzyň hem gatnaşmagynda geçirilen bäsleşigimiz giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Türkiýäniň Stambul şäherinde hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti Türkiýede bilim alýan köp sanly Türkmen talybynyň bäsleşigimize gatnaşandygyny hasaba alyp bäsleşigiň şertlerine görä, baýrakly orunlar eýeläp bilmedik, emma täsirli eserler üçin 3 sany baýrakly orun hödürleýär.  Siz Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň Türkiýede alyp barýan işleri bilen tanyşmak isleseňiz, onda şu ýere basyň!

Siz bäsleşige hödürlenen eserler bilen tanyşmak isleseňiz, onda şu ýere basyň!

Mälim bolşy ýaly, düýn saýtymyza bäsleşik barada täze habar ýerleşdirdik we Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasynyň esaslandyryjylary “Ata Watan Eserleri”  bäsleşigine gatnaşan eserleriň örän gymmatly eserlerdigini hasaba alyp öň yglan edilen baýraklara goşmaça baýraklar hödürleýändigini habar beripdik.

Saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siz kimiň ýeňiji bolanlygy baradaky maglumat boýunça habar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri