BILIM

Täze okuw ýyly üçin gyzykly maglumatlar

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklap, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şu gün — 17-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri badalga aldy.

TÄZE OKUW ÝYLY BILEN BAGLANYŞYKLY GYZYKLY MAGLUMATLAR:

  • Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar.
  • Şu okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde taýýarlyk ugurlarynyň 2-si açylyp, talyplar durmuş işi ugry boýunça bakalawr, pedagogika bilimi ugry boýunça bolsa magistr maksatnamasy esasynda okuwa kabul ediler.
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlar.
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berlip başlanar.
  • Tutuşlygyna bilim bermegiň iki basgançakly ulgamyna geçen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw maksatnamasyna şu ýyl täze taýýarlyk ugurlarynyň birbada 6-sy girizildi. Geljekki ykdysatçylary taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebi taýýarlygyň buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit, maliýe, önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy, işewürlik-informatika ugurlary boýunça bakalawr, maliýe menejmenti, işewürlik-dolandyryş ýaly ugurlardan bolsa magistr maksatnamalary esasynda talyplary taýýarlap başlar.
  •  Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi dalaşgärler demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda öz resminamalaryny tabşyryp bilerler.
  •  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti taýýarlygyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda), Türkmen oba hojalyk instituty bolsa oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda talyplyga kabul eder.
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda halkara ykdysadyýeti ugry girizildi.
  • Türkmen döwlet maliýe institutynda telekeçilik we maliýe ugrunyň açylandygyny bellemek bolar.
  • Şu okuw ýylynda açylan 35 hünäriň aglabasynyň milli ykdysadyýetimiziň ulag-aragatnaşyk, obasenagat, telekeçilik, gurluşyk, maliýe-ykdysadyýet hem-de maglumat tehnologiýalary ýaly geljegi uly ugurlary bilen bagly bolmagy agzalan toplumlarda işleri kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen maglumatlary “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar